Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
TOPH we TOP taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi boýunça duşuşyk geçirildi
04.09.2023

Ýakynda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi A.Möwlamow Pakistanyň energetika, energiýa we nebit federal ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Muhammad Ali bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berýär.Duşuşygyň başynda ilçi ministri täze wezipä girişmegi bilen gutlady hem-de TOPH we TOP ýaly bilelikdäki möhüm taslamalaryň amala aşyrylyşy barada söhbetdeşlik geçirdi.Ministr Pakistanyň ykdysadyýeti üçin tebigy gazyň ähmiýetlidigini nygtady we energiýa çeşmelerine bolan islegleriň artmagy bilen, agzalan taslamalaryň işjeň ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini belledi. Şunuň bilen bilelikde, Türkmenistan – Owganystan – Pakistan elektrik geçirijisiniň taslamasynyň amala aşyrylyşy boýunça işçi toparyň duşuşyklaryny yzygider tertipde geçirmegiň zerurdygy kesgitlenildi