
Türkmenistanda, bütindünýä ekologiki dialogyň syýasatyny dowam etdirip, 2025-nji ýylyň 5-nji iýunynda – Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni «Uglewodorod ýataklaryny özleşdirmekde innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ekologik jähtleri» atly halkara ylmy-amaly maslahaty geçiriljekdigi (TESC 2025) yglan edildi.
Bu başlangyç, ýurdumyzyň bütindünýä ekologik gün tertibine bolan ygrarlylygynyň aýdyň subutnamasy bolup, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» atly ilkinji taryhy sammitine hem-de «Merkezi Aziýa ählumumy howa meseleleriniň öňünde: bilelikdäki abadançylyk üçin jebislik» atly halkara klimat forumyna gatnaşmagynyň oňyn netijeleriniň dowamy hökmünde çykyş edýär.
Türkmenistanyň hormatly Prezidenti forumda çykyş edip, klimat bilen bagly meseleleriň «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» hyzmatdaşlygynda hemişe aýratyn orun eýeleýändigini nygtady, ol bu ugurda sebit derejesinde bilelikde hereket etmegiň möhümdigini belläp geçdi. «Häzirki wagtda biziň esasy wezipämiz hyzmatdaşlygyň esasy we ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemekden hem-de olary durmuşa geçirmek üçin üýtgewsiz şertleri döretmekden ybaratdyr» diýip, hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyz belledi we geljekki başlangyçlara badalga berdi. Aşgabatda geçiriljek bu ylmy-amaly maslahat, uglewodorod pudagynda durnukly ösüşi üpjün etmek ugrunda innowasiýalary öňe sürmegiň we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň öňdebaryjy meýdançasyna öwrüler. Türkmenistanyň döwlet konsernleri «Türkmengaz» we «Türkmennebit» tarapyndan gurnaljak «TESC -2025» halkara maslahaty, energetika önümçiliginiň we ekologiýa jogapkärçiliginiň depginini ösdürmäge gönükdirilendir. Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Bütindünýä banky, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky, Aziýanyň ösüş banky, Gazy eksport edýän ýurtlaryň forumy (GECF), Halkara energetika agentligi hem-de Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentligi ýaly baýry halkara guramalaryň gatnaşmagy hem, maslahatlaşmalaryň bütindünýä durnukly ösüş maksatnamalaryna kybap gelmesini üpjün eder.
«TESC-2025» maslahaty dünýäniň dürli künjeklerinden döwlet işgärlerini, ylmy hünärmenleri, işewür ýolbaşçylary hem-de halkara ekologik guramalaryň wekillerini bir ýere jemlär. Olaryň hemmesiniň umumy maksady – bütindünýä energetika bazaryny ynamly, durnukly we arassa energiýa bilen üpjün edip, uglewodorod serişdeleriniň ekologik taýdan jogapkärçilikli çykarylmagy üçin anyk çözgütleri işläp taýýarlamakdyr. Şunlukda ekologik taýdan has jogapkärli geljege bolan ymtylyşy alamatlandyrmak maksady bilen, geljekki maslahatyň «Ygtybarly, durnukly, arassa energiýa» diýen şygar bilen geçirilmegi ýöne ýerden däldir.
Şunuň bilen baglylykda, TOPH gaz geçirijiniň ähmiýeti has-da aýdyň görünýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň 19-njy martda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny» atly halkara maslahatdaky çykyşynyň dowamynda TOPH taslamasynyň geosyýasy we geoykdysady ähmiýetini belläp geçdi. «Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisi örän möhüm taslamalaryň biridir. Bu taslamanyň maksady häzirki döwürde jemi 1 milliard 750 million ilaty bolan ýurtlary tebigy gaz bilen üpjün etmekdir» diýip, Gahryman Arkadagymyz belläp geçdi. 2023-nji ýylda Dubaý şäherinde geçirilen «COP-28» maslahatynda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti ýurdumyzyň Bütindünýä metan borçnamasyna goşulýandygyny mälim etdi hem-de BMG-niň Merkezi Aziýada klimatyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça sebitleýin merkezini döredilmegini teklip etdi. Şol bir wagtyň özünde 2030-njy ýyla çenli zyýanly gazlaryň zyňyndylarynyň 20% azaltmak ýaly milli strategiýalaryň durmuşa geçirilmegi, ýurdumyzyň bütindünýä howanyň üýtgemegine garşy göreşe bolan ygrarlylygyny subut edýär.
Bu başlangyçlary durmuşa geçirmek üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň baştutanlygynda halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmäge gönükdirilen 2023-2026-njy ýyllar üçin Ýol kartasy tassyklandy. "Türkmenistanyň ekologiýa başlangyçlaryny durmuşa geçirmek hem hyzmatdaşlygyň möhüm ugrudyr. Bu başlangyçlar hemmelere mälim bolup, sebit we ählumumy häsiýete eýedir. Şolaryň hatarynda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek we ýapyk aýlanyşykly ykdysadyýete geçmek maksatnamasyny taýýarlamagy görkezmek bolar" diýip, döwlet Baştutanymyz Samarkantda geçirilen sammitde bütin dünýäni has işjeň hyzmatdaşlyga çagyrdy.
Şunuň bilen baglylykda, metanyň we parnik gazlarynyň zyňyndylaryna gözegçilik etmek we azaltmak boýunça işleriň BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň, Howanyň üýtgemegi boýunça milli strategiýanyň we Pariž ylalaşygynyň çäklerinde amala aşyrylýandygyny bellärliklidir. 2024-nji ýylyň mart aýyndan başlap, BMG-niň daşky gurşaw boýunça maksatnamasy bilen hyzmatdaşlykda, MARS meýdançasynda emeli hemralaryň kömegi bilen metanyň zyňyndylary barada maglumatlary yzygiderli ýygnalyp başlandy. MARS-yň maglumatlaryna görä, 2024-nji ýylyň iýun aýyndan 2025-nji ýylyň fewral aýyna çenli geçirilen derňewler oňyn netijeleri görkezdi. Ýagny, 2024-nji ýylyň noýabr we dekabr aýlarynda, esasan hem Derweze kraterinde metanyň zyňyndylarynyň möçberi nola ýetendigi aýdylýar. Bu üstünlikler Türkmenistanyň ekologiýa bilen baglanyşykly meseleleri çözmekde gazanan şübhesiz üstünliklerini aýdyň görkezijisi bolmak bilen, «TESC-2025»-iň gün tertibine möhüm goşant goşar.
Türkmenistanyň borçnamalaryny ýerine ýetirmekde öňe gidişligi garaşsyz maglumatlar bilen hem tassyklanylýar. «KAYRROS» kompaniýasynyň Bütindünýä metan borçnama, üç ýyldan soň: ýerine ýetiriliş boýunça hasabatda» şeýle maglumat berilýär: «Türkmenistanyň gündogardaky we günbataryndaky ýataklardan çykýan metan zyňyndylary 2021-nji ýylda az-kem artsa-da, umuman nebit we gaz önümçiliginiň depginiň artmagyna garamazdan zyňyndy möçberiniň görkezilen möçberden azalýandygyny görkezýär. 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 2023-nji ýylda zyňyndylaryň umumy möçberi 10% peseldi, bu bolsa öz gezeginde 2030-njy ýyla çenli bellenen 9%-lik maksatnamanyň artykmajy bilen ýerine ýetirilendigini aňladýar». Şunlukda, Türkmenistanyň metan zyňyndylary azaltmakda ýeten sepgitleri aç-açan bolmak bilen, bu netijeler «TESC-2025» maslahatynda ara alnyp maslahatlaşylar we howanyň üýtgemeginiň öňüni almak bilen bagly tagallalaryň täze ýollary gözlener.
Türkmenistanda «TESC-2025» forumyň geçirilmegi dünýäniň klimatyň üýtgemegine garşy göreşde öňdebaryjylyga we innowasion çözgütlere mätäç wagtyna gabat gelýär. Energetika syýasatyny ekologiýada ileri tutulýan ugurlar bilen utgaşdyrmak ýurdumyzy hyzmatdaşlygyň we ählumumy özara gatnaşyklaryň täze nusgasyna öwürýär. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly: «Diňe bileleşmek, jebisleşmek we agzybirlik arkaly biz bütindünýä kynçylyklaryny ýeňip geçip bileris».
«TESC-2025« halkara ylmy – amaly maslahata hasaba alynyş eýýäm başlady. Geçen ýyl bu maslahata 31 döwletden 250 sany wekil gatnaşdy. Maslahat nebit-gaz pudagynyň hünärmenleri üçin wajyp waka bolup, bilim we tejribe alyşmak üçin özboluşly meýdança bolup hyzmat eder. Maslahata gatnaşmak tölegsiz bolup, halkara wekiller üçin mugt wiza goldawy berler. «TESC-2025« maslahatyna gatnaşmak üçin hasaba alyş resmi web sahypamyzda elýeterlidir.
Çeşme: «Türkmenistan: Altyn asyr»