Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Türkmenistan nebit we himiýa önümleriniň eksportyny artdyrýar
08.08.2023

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geçen hepdede geleşikleriň 40-sy hasaba alyndy.

Birleşen Arap Emirlikleriniň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen awtobenzini, dizel ýangyjyny, uçar kerosinini, polipropileni satyn aldylar. BAE-niň, Türkiýäniň telekeçileri «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi satyn aldylar.

Hytaýyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Gyrgyzystanyň telekeçileri ýorgan-düşek toplumlaryny, dürli görnüşli dokma we tüýjümek önümleri, nah mata hem-de nah ýüplügi, agardylan pagta süýümini, dokma önümleriniň galyndylaryndan regenerirlenen süýümi satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 87 million 808 müň dollaryndan gowrak boldy.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi