Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Ýarym ýylyň jemi boýunça Goturdepe käninde nebitiň çykarylyşy 10% artdy
28.07.2023

«Türkmennebit» döwlet konserni şu ýylyň birinji ýarymynda Goturdepe käninde nebitiň çykarylyşyny 10% artdyryp, bu görkezijini ýarym million tonnadan gowrak derejä ýetirdi. Şol bir wagtda bellenilen meýilnamadan artyk 10 müň 125 tonna nebit çykaryldy.

Ýokary önümçilik görkezijileri buraw işlerine nebit çykarylyşynyň täze usullaryny ornaşdyrmagyň we döwrebap tehnologiýalary ulanmagyň hasabyna gazanyldy.

Goturdepe käninde nebitiň ägirt uly känleri bilen birlikde gaz ýataklarynyň hem düýpli möçberleri bar. Alty aýyň jemi boýunça kärhananyň hünärmenleri «mawy ýangyjyň» 216 mln kub metrini çykaryp, meýilnamany 7% artyk ýerine ýetirdiler.