Sişenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistana sapar bilen gelen German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Baş direktory Mihael Harms bilen duşuşygynda türkmen-german ykdysady hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň häzirki gün tertibini ara alyp maslahatlaşdylar, şunuň bilen bilelikde, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösüşinde oňyn netijeler nygtaldy.
Ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk ösdürmekde ileri tutulýan ugurlar barada aýtmak bilen, R.Meredow “ýaşyl” tehnologiýalar, önümçilik pudagynda, energetika, oba we suw hojalygy, şeýle hem bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň möhümdigini belledi.