Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Ýarym ýylyň jemleri boýunça Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüşi 6,2% boldy
18.07.2023

Durmuşa geçirilen çäreleriň netijesinde 2023-nji ýylyň alty aýynda
Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2 göterim derejesinde artdy. Bu
barada wise-premýer Hojamyrat Geldimyradow şu ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda
ýurdumyzyň makroykdysady görkezijilerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin
Hökümet mejlisinde aýtdy.
2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 6,2
göterim artdy. Şu ýylyň birinji ýarymy boýunça bölek-satuw haryt dolanyşygy,
geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,3 göterim, daşary söwda
dolanyşygy bolsa 8 göterim köpeldi.
Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2022-nji ýylyň
degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,9 göterim ýokarlandy. Aýlyk zähmet haklary,
pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary doly maliýeleşdirildi.

Bellenilişi ýaly, 2023-nji ýylyň 1-nji iýuly ýagdaýyna görä, baş maliýe
meýilnamasynyň girdeji bölegi 113,1 göterim, çykdajy bölegi bolsa 97,6 göterim
ýerine ýetirildi.
2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň birinji ýarymynyň
jemleri boýunça maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna milli
ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberi 24,6
göterim artdy we jemi içerki önümiň 16 göterimine deň boldy. Bellenilişi ýaly,
özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň 49,4 göterimi önümçilik, 50,6 göterimi
durmuş we medeni maksatly binalaryň gurluşygyna gönükdirildi.