Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
HEA 2023-nji ýylda ilkinji gezek dünýäde nebite bolan islegiň çaklamasyny peseltdi
15.07.2023

Halkara energetika agentligi (HEA) 2023-nji ýylda ilkinji gezek dünýäde şu ýylda nebite bolan islegiň çaklamasyny günde 170 müň barrele çenli aşaklatdy. Bu agentligiň hasabatyndan görünýär.

«Çaklamalara görä, 2023-nji ýylda nebite bolan isleg 2023-nji ýylda günde 2,2 mln barrele çenli artyp, günde 102,1 mln barrele ýeter» — diýlip hasabatda aýdylýar. Bu iýunda aýyndaky hasabat bilen deňeşdirilende günde 170 müň barrel azdyr.

2023-nji ýyl üçin çaklama şu ýylda ilkinji gezek aşaklandyryldy. Ondan öň ol ýa ýokarlanýardy ýa-da üýtgewsiz galýardy diýip, Praým agentligi ýazýar.

HEA birinji çärýekde islegiň günde 100,5 mln barrele deň bolandygyny belleýär. Ikinji çärýekde, HEA-nyň çaklamasyna grä, isleg günde 101,4 mln barrele çenli artdy, üçünji we dördünji çärýeklerde agentlik onuň günde degişlilikde 103,1 we 103,3 mln barrel bolmagyny çaklaýar.