Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
 Ussatlara üstünlik hemra
10.07.2023

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň tamamlanýan her bir aýy şanly wakalara, durmuş-ykdysady taýdan düýpli ösüşlere beslenýär. «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Lebapnebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň başarjaň we ruhubelent hünärmenleri hem şanly ýyly ajaýyp zähmet üstünlikleri bilen şöhratlandyrmak ugrunda maksada okgunly zähmet çekýärler. Olaryň ýurdumyzyň uly baýlygy bolan nebitdir gazyň gorlarynyň üstüni ýetirmek ugrunda edýän birleşen tagallalary ýerine-de düşýär. Biz ekspedisiýanyň geologiýa bölüminiň başlygy Batyr Akmyradowdan gazanylýan umumy üstünlige has saldamly goşant goşýan baýlyk agtaryjylar barada soranymyzda, ol ilki bilen buraw desgasynyň başlygy Merdan Abdullaýewiň adyny agzady we onuň ýolbaşçylyk edýän desgasynyň hünärmenleriniň golaýda möhüm buýurmany — barlag guýusyny burawlamak işini üstünlikli tamamlandygyny sözüniň üstüne goşdy. Bize gürrüňi edilýän buraw desgasynyň ýolbaşçysy bilen habarlaşmak kyn düşmedi. Sebäbi ol Türkmenabat şäherinde ýerleşýän ekspedisiýanyň edara jaýyna hasabat tabşyrmaga ýörite gelen eken.

— Biz Balkan welaýatynyň Goturdepe käninde barlag guýusyny burawlamak işini üstünlikli tamamladyk. Şonda taslama boýunça bellenilen 5075 metr çuňluga ýetildi. Men indi köp ýyllardan bäri şu kärde zähmet çekip gelýän hem bolsam, bu guýyny burawlanymyzda 4600 metrden soňra peýda bolan suwly gatlagy geçmek işimizde belli bir kynçylyklary döretdi. Ýöne degişli hünärmenleriň maslahatlaryna hem-de öz iş tejribämize daýanyp, jogapkärli wezipäni abraý bilen berjaý etdik. Burawlanan çuňlukdan nebitiň we kondensatyň bol akymyna garaşýarys — diýip, Merdan Abdullaýew gürrüň berýär.

Ýeriň has çuňňur gatlaklaryna aralaşyp, ol ýerde ýerleşýän gymmatly baýlyklaryň üstüni açmak ýaly jogapkärli wezipe kuwwatly buraw desgasyndan netijeli peýdalanmagy, jogapkärli işleri ýokary sazlaşykly ýola goýmagy talap edýär. Bu babatda gürrüňi edilýän desganyň agzalarynyň uly artykmaçlygy bar. Olar indi birnäçe ýyldan bäri egin-egne berip, tutanýerli zähmet çekýärler. Buraw desgasynyň ýolbaşçysy öňdebaryjylaryň atlaryny buýsanç we hormat bilen tutýar. Olardan buraw ussalary Magtym Mahmudow, Jumageldi Orazow, uly maşinist Wepa Roznyýazow, burawlaýjy Töre Bazarow, maşinist Şajan Mätkulyýew, burawlaýjynyň kömekçisi Artyk Öwezgulyýew, Gahryman Gurtgeldiýew we meýdan geology Bagtyýar Hudaýkulyýew dagy has ýokary netijeli zähmet çekýärler. Olaryň nusgalyk göreldesine kärdeşleri uly höwes bilen eýerýärler. Şunlukda, umumy işler barha ilerleýär.

Baýlyk agtaryjylar işleriniň düýpli öňe gitmegi üçin hormatly Prezidentimiziň ýadawsyz alada edýändigini çäksiz kanagatlanma bilen belleýärler. Şeýle üns-aladanyň netijesinde olar dünýäniň ösen döwletlerinde öndürilen kuwwatly we ygtybarly buraw enjamlary bilen üpjün edilýär. Olara başarjaňlyk bilen erk edýän baýlyk agtaryjylar has yhlasly zähmet çekmek hyjuwy bilen joşýarlar. Olar häzirki günlerde bu kände täze guýyny burawlamaga girişmäge taýýarlyk görýärler. Diýmek, ýurdumyzyň baýlyk gory ýene-de artar.