OPEK+ ýakynda nebit çykarylyşyny azaltmak hakynda kabul edilen karara bazaryň ýeterlik derejede üns bermändigine alada galmaýar diýip, OPEK-iň baş sekretary Haýsam al-Gaýs Wenada Guramanyň 8-nji Halkara seminarynda belledi diýip, Interfaks habar berýär.
Al-Gaýs 2022-nji ýyldaka garanyňda 2023-nji ýylda günde 2,3 mln barrel möçberde nebite bolan islegiň artmagyna garaşylýandygyny, şeýe hem OPEK-e girmeýän döwletler tarapyndan ibermeleriň artjakdygyny ýatlatdy.
«Bazarda häzir deňagramlylygyň bardygy ýa-da ýokdugy barada aýtmak kyn. Biz Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň döwletlerinde harytlyk ätiýaçlyklaryň derejesine seredýäris, ortaça bäş ýyllyk dereje bilen (2015-2019) deňeşdirýäris» diýip, ol belledi.
Al-Gaýs nebit çykarylyşyny çäklendirmek hakynda karary «geň» hasaplamaýar.
«Hemmeler birinji ýarym ýylda bazarda köp sanly sebäplere görä — dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň haýallamagy, pandemiýadan soň Hytaýyň ykdysadyýetiniň dikelmegine umytlaryň uly peýdanyň bolandygyny bilýär» - diýip Al-Gaýs belledi.
Ol erkin önümçilik kuwwatlyklarynyň çäklidigini belledi. Şol bir wagtda önümçiligi çäklendirmek hakynda karar has köp sanly önümçilik kuuwatlyklaryna eýe bolmaga we teklibiň aşa artmagynyň öňüni almaga ýardam eder.
Iýun aýynyň başynda OPEK+ ylalaşygyna gatnaşyjylar 2024-nji ýyl üçin nebit çykarmak möçberlerini azaltmak kararyna geldiler — ýene 1,4 mln b/g azaldyp, 40,46 mln barrele çenli. Maý aýyndan başlap önümçiligini meýletin günde 1,66 mln barrele çenli azaldan döwletler çäklendirmesini tutuş 2024-nji ýyla çenli uzaldarlar. Saud Arabystany eýýäm 2023-nji ýylda önümçiligini goşmaça 1 mln b/g çenli azaldar.