Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Türkmenistan we Beýik Britaniýa ileri tutulýan ugurlarda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýar
07.07.2023

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Aşgabada iş sapary bilen gelen Beýik Britaniýanyň Daşary işler, arkalaşyk we ösüş ministriniň parlament orunbasary Leo Doherti bilen geçiren gepleşiklerinde ikitaraplaýyn gün tertbiniň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer häsiýetli ugurlaryň giň gerimini içine alýan ikitaraplaýyn gün tertibiniň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

R.Meredow türkmen-britan hyzmatdaşlygynyň netijeli ösdürilýändigini nygtady. Şu nukdaýnazardan, onuň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň maýynda Patyşa Karl III-ä täç geýdirmek dabarasyna gatnaşmagy döwletara gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda möhüm waka boldy.

Söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, energetika, howanyň üýtgemegi, oba we suw hojalygy ýaly möhüm ugurlarda hyzmatdaşlyk etmäge taraplaryň taýýarlygy mälim edildi.

Mundan başga, diplomatlar medeniýet, arheologiýa, bilim pudaklarynda, şeýle-de Türkmenistanda iňlis dilini öwrenmek babatynda alnyp barylýan oňyn hyzmatdaşlygy tassykladylar.

Duşuşygyň netijeleri boýunça, Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň daşary syýasy edaralarynyň arasynda Teswirnama gol çekişmek dabarasy bolup geçdi.