Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Serdar Berdimuhamedow: Türkmenistan Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen gatnaşyklaryna strategik nukdaýnazardan seredýär
05.07.2023

Türkmenistan Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen gatnaşyklaryna strategik nukdaýnazardan seredýär. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň 23-nji mejlisinde eden çykyşynda belledi.

Döwlet Baştutany şeýle çemeleşme asyrlara uzap gidýän ruhy we medeni gatnaşyklarymyza esaslanýar. Bu gatnaşyklar biziň halklarymyzyňdyr döwletlerimiziň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkidýär diýip belledi.

Munuň özi ýurdumyz bilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň dürli düzümleriň we esasy halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde uzak möhletli hyzmatdaşlyk etmegi üçin goşmaça şertleri we mümkinçilikleri döredýär.

Prezident çykyşynyň ahyrynda Türkmenistanyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen giňden hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny belläp, özara düşünişmegiň, hormat goýmagyň, ynanyşmagyň ýetilen derejesine ýokary baha berdi.

Biziň ýurdumyz hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini we özara bähbitlerini, onuň halklarymyzyňdyr döwletlerimiziň düýpli bähbitlerine laýyk gelýändigini aýdyň görýär diýip, döwlet Baştutany aýtdy we mundan beýläk-de bilelikdäki netijeli işleri durmuşa geçirmäge taýýardygyny tassyklady.

ŞHG sammiti 4-ni iýulda utgaşykly görnüşde Hindistanyň Nýu-Deli şäherinde geçirildi. Duşuşyga Belarusuň, Hindistanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Hytaýyň, Gyrgyzystanyň, Mongoliýanyň, Pakistanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Baştutanlary gatnaşdy.

Mejlisiň netijeleri boýunça Eýran ŞHG-niň doly hukukly agzasy boldy. Ol guramanyň dokuzynjy agzasy boldy. Belarus hem gurama agza bolmaga taýýarlyk görýär.

ŞHG 2001-nji ýylyň iýunynda, sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy berkitmek maksady bilen, şeýle hem agza döwletleriň arasynda ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin döredildi.