Paýtagtymyzda 10-11-nji sentýabrda geçirilen Türkmenistanyň maýa goýum forumy hem-de ugurdaş sergi, ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahat, “HI-TECH Türkmenistan — 2024” atly sergi ýurdumyzda iri taslamalary durmuşa geçirmek we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler boýunça giň çözgütleri özünde jemledi.
Ilki bilen Maýa goýum forumyna gatnaşyjylar ýaýbaňlandyrylan giň gerimli sergi bilen tanyşdylar. Sergide sanly ulgam arkaly beýan edilýän maglumatlar we önümleriň köpdürlüligi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň eksport mümkinçiliklerini, daşary ýurt maýadarlarynyň geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän ornuny berkitmäge bolan gyzyklanmalaryny artdyrmak, halkara hyzmatdaşlygy yzygiderli işjeňleşdirmek ugrunda ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny giňden görkezdi. Sergide Türkmenistan bilen köp ýyllaryň dowamynda hyzmatdaşlyk edýän, ýurdumyzda bilelikdäki maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýan daşary ýurt kompaniýalarynyň hem öz mümkinçiliklerini, önümlerini görkezdiler.
Forumyň umumy mejlisinde, ilki bilen, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary T.Molçan sanly ulgam arkaly çykyş edip, ol kuwwatly ykdysadyýeti bolan Türkmenistanda geçirilýän giň möçberli forumda çykyş etmäge döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, häzirki döwürde durmuş-ykdysady ösüş üçin gönükdirilýän maýa goýum serişdeleriniň parahatçylygyň we abadan geljegiň kepilidigini belledi.
Nygtalyşy ýaly, Türkmenistanda hemmetaraplaýyn ösüşiň üpjün edilmegine, tutuş sebit ähmiýetli taslamalaryň amala aşyrylmagyna uly gyzyklanma bildirilmegi we ykdysadyýete maýa goýumlaryň çekilmegi ýurduň ykdysady taýdan kuwwatlanmagynda bolşy ýaly, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetilmeginde-de aýratyn ähmiýete eýedigi aýdyldy.
Soňra German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory M.Harms Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň paýtagtynda bolup, halkara ähmiýetli çärä gatnaşmagyň özi üçin belent mertebedigini aýtdy. Soňky ýyllarda Türkmenistanyň ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösüş ýoluna düşendigini belledi.
Türkmenistan bilen ýangyç-energetika pudagynda köp ýyllaryň dowamynda hyzmatdaşlyk edýän “PETRONAS” kompaniýasynyň ösüş boýunça wise-prezidenti H.Kassim öz çykyşynda halkara ähmiýetli forumyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilendigi we onuň çäklerinde özara tejribe alyşmak, gatnaşyklary ýola goýmak babatda döredilen mümkinçilikler üçin Türkmenistanyň Prezidentine we türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk bildirdi. Bellenilişi ýaly, ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösüş ýoluna düşen hem-de kuwwatly ykdysadyýeti bolan Türkmenistanda daşary ýurt kompaniýalarynyň we maýadarlaryň netijeli iş alyp barmaklary ugrunda ähli zerur şertler bar. Bu bolsa işjeň gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilmeginde, bilelikdäki taslamalaryň ýokary derejede amala aşyrylmagynda ähmiýetlidir.
Mejlisiň dowamynda Ýaponiýanyň “Nippon Eхport Investment Insuranсe” agentliginiň başlygy we baş ýerine ýetiriji direktory A.Kuroda sanly ulgam arkaly çykyş edip, Türkmenistanyň gözel paýtagtynda geçirilýän maslahatda çykyş etmäge döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdi. Durnukly ösüş maksatlaryna ýetilmeginiň esasy wezipeleriniň biri bolan maýa goýum syýasaty häzirki döwürde tutuş dünýä ähmiýetli ugurlaryň birine öwrüldi. Munuň özi ykdysady ösüş bilen bir hatarda, parahatçylygyň, howpsuzlygyň, halkara hyzmatdaşlygyň berkidilmeginde-de möhümdir. Ykdysady ösüşe gönükdirilýän maýa goýum serişdeleri ählumumy gün tertibiniň möhüm wezipeleriniň üstünlikli çözülmeginiň baş şertini emele getirýär diýip, A.Kuroda belledi.
Russiýa Federasiýasynyň ykdysady ösüş ministriniň orunbasary D.Wolwaç çykyşyny giň gerimli halkara foruma gatnaşmaga iberilen çakylyk üçin hoşallygyny aýtdy. Häzirki döwürde ýurtlaryň arasynda eksport amallarynyň durmuşa geçirilmegi, maýa goýum maksatnamasynyň amala aşyrylmagy wajyp ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi diýip, myhman sözüni dowam etdi. Dünýäde işewürligiň, dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi bilen birlikde, maýa goýum strategiýasynyň işjeň häsiýete eýe bolmagyna möhüm ähmiýet berilýär.
Bütindünýä bankynyň Merkezi Aziýa boýunça maksatnamasynyň ýolbaşçysy we esasy ykdysatçysy D.Naýt Türkmenistanda geçirilýän foruma gatnaşmaga iberilen çakylyk we türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, şeýle halkara çäreleriň geçirilmeginiň ählumumy ösüş maksatnamasynyň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň kepilidigini nygtady. Türkmenistanda häzirki zaman deňiz portunyň işe girizilmegi, awtomobil, demir ýollaryň durkunyň täzelenilmegi, howa menzilleriniň işiniň kämilleşdirilmegi bu ýurtda halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde bolşy ýaly, Türkmenistanyň halkara derejeli üstaşyr ulag geçelgesi hökmünde eýeleýän derejesini hem pugtalandyrýar.
BMG-niň Ösüşi utgaşdyrmak boýunça edarasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin direktory G.Son sanly ulgam arkaly çykyş edip, halkara forumyň sazlaşykly ösüş ýoluna düşen Türkmenistanda geçirilmeginiň ähmiýetine ünsi çekdi. Bellenilişi ýaly, ýurtda maýadarlaryň netijeli işlemekleri üçin ygtybarly hukuk binýady döredildi. Bu bolsa Türkmenistanda maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän kompaniýalaryň, işewür düzümleriň sanynyň artmagyny şertlendirdi.
BMG-niň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti boýunça Ykdysady we Durmuş komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretarynyň orunbasary H.Toda mejlisde sanly ulgam arkaly çykyş edip, köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň BMG we onuň düzümleri bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýändigini nygtady. Şeýle-de ol maýa goýum forumynyň ykdysady, durmuş taýdan sazlaşykly ösüş babatda aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.
Halkara forumyň dowamynda türkmen tarapynyň wekilleri hem çykyş etdiler. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, häzirki döwürde ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik işleriniň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, maýa goýum işini alyp barmak üçin ähli zerur şertler döredilýär. Şeýle hem çykyşlarda milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini häsiýetlendirýän soňky ýyllaryň makroykdysady görkezijileri mysal getirildi. 2023-nji ýylyň, 2024-nji ýylyň birinji ýarymynyň netijeleri boýunça ykdysady ösüş 6,3 göterim derejesinde saklandy. Munuň özi köp babatda haryt öndürýän pudaklaryň önümçiligini ýokarlandyrmak arkaly üpjün edildi.
Mejlisiň dowamynda maýa goýum mümkinçiliklerini has doly açmagyň ýollary, ýurdumyzy senagat, ylmy-tehnologik, durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegi höweslendirmegiň gurallary barada netijeli pikir alyşmalar boldy. Foruma gatnaşanlar şu gezekki halkara çäräniň geçirilmeginiň dünýä giňişliginde özüni ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görkezen Türkmenistanyň abraýyny täze derejä çykarýandygyny bellediler. Halkara maýa goýum forumynyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirilip, olaryň barşynda özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmak üçin geljegi uly ugurlar kesgitlenildi.
Innowasiýalary ornaşdyrmak babatda bilelikdäki işleriň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak Türkmenistanyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahatyň çäklerinde dowam etdi. Özara gyzyklanma eýe bolan dialoga ýurdumyzyň bilim we ylmy edaralarynyň ýolbaşçylary, jogapkär işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, professor-mugallymlar düzümi, daşary döwletleriň hem-de halkara guramalaryň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň, kompaniýalaryň, ugurdaş düzümleriň wekilleri gatnaşdy.
Çykyş edenleriň nygtaýyşlary ýaly, ýurdumyz gysga döwrüň içinde okgunly tehnologik ösüşi amala aşyrdy. Munuň özi ýokary tehnologiýalary, kompýuterleri ornaşdyrmagy we iň gowy dünýä tejribesini özleşdirmegi möhüm wezipe hökmünde kesgitlän uzak möhletleýin durmuş-ykdysady maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmegiň netijesinde mümkin boldy. Türkmenistan ylym, tehnika, innowasion tehnologiýalar ulgamynda halkara düzümler, ylmy merkezler bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli giňeltmäge hem-de bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmaga hemişe taýýardyr. Bu ugurda soňky ýyllarda halkara guramalar, hususan-da, BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlyk bellenilmäge mynasypdyr. Munuň özi ýurdumyzyň durnukly ösmegine we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetilmegine itergi berýän döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmaga, sanly hyzmatlary ösdürmäge ýardam edýär.
Forumda “Maýa goýum ýagdaýy we maliýe tehnologiýalarynyň geljegi: innowasiýalar, töwekgelçilikler we mümkinçilikler”, “Elektron hökümet, maglumat merkezi, innowasion tehnologiýalaryň ösüşi we “ýaşyl” energetika”, “Emeli aňyň täze döwri” atly bölümçelerde dowam eder. Şeýle hem GFR-iň «Rid Batteries GmbH», HHR-iň «Sinotruk International» we «Shantui» kompaniýalarynyň energetika, ýangyç-energetika toplumy, himiýa senagaty, suw hojalygy ýaly möhüm ugurlarda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri barada tanyşdyrylyş çäreleri guraldy. Forumyň guramaçylarynyň belleýişleri ýaly, türkmen alymlary we inženerleri tarapyndan işlenip taýýarlanylan emeli aň ulgamyndaky täze taslamanyň tanyşdyrylyş dabarasy şu gezekki çäräniň esasy wakalarynyň biri boldy. Türkmenistanyň ykdysadyýetini sanlylaşdyrmakda möhüm tapgyryň özleşdirilendigini aňladýan bu taslama senagat we döwlet dolandyryşyň dürli ugurlaryna öňdebaryjy tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmaga ýurdumyzyň taýýardygyny subut etdi.