Wenada Hofburg imperator köşgünde 5-6-njy iýulda OPEC-iň «Durnukly we inklýuziw energetiki geçişe tarap ýolda» atly 8-nji halkara seminary geçiriler.
Oňa gatnaşyjylar maslahatlaşmalaryň barşynda energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, durnukly bazarlar, energiýa geçiş we energetika pudagyny maliýeleşdirmek ýaly meseleleri maslahatlaşarlar diýip, daşary ýurt habar beriş serişdeleri belleýär.
OPEC-iň seminary halkara energetika senenamasynda esasy çäreleriň biri. Garaşylyşy ýaly, ol dünýäniň energetika pudagynyň geljegini we onuň durnuklylyga geçişini kesgitlemäge we howanyň üýtgemeginiň täsirini aradan aýyrmaga ýardam eder.
Şu ýylda seminar ýokary derejedäki birnäçe duşuşyklary, ministrler mejlislerini we sergileri öz içine alar.
Seminara OPEC-iň we öndüriji ýurtlaryň hem-de energiýa sarp ediji ýurtlaryň agza döwletleriniň ministrleri, şeýle hem hökümetara guramalaryň ýolbaşçylary, milli we halkara nebit we energetika kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem pudagyň beýleki liderleri, alymlar, bilermenler gatnaşar.
OPEC-iň mundan öňki halkara seminary 2018-nji ýylyň iýunynda geçirildi. Şonda çärä 50 ýurtdan 950 wekil gatnaşdy.