Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan anna güni Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen telefon arkaly söhbetdeşliginde Türkmenistanyň Baştutanyny «akylly» şäher Arkadagyň birinji tapgyrynyň açylmagy bilen gutlady diýip, TDH habar berýär.
Rejep Ärdogan şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa doglan güni mynasybetli gutlaglaryny iberdi.
Öz gezeginde, Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa we özüne toý sowgady hökmünde iberen, Türkiýäniň önümi bolan “TOGG” kysymly täze elektromobiller üçin minnetdarlyk bildirdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygynyň doglan gününde we Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça “akylly” şäher konsepsiýasy esasynda gurlan Arkadag şäheriniň açylyş dabarasynyň geçirilýän pursatlarynda täze ulaglaryň açarlarynyň gowşurylmagy şanly wakanyň şatlygyny has-da artdyrdy diýip, Türkmenistanyň Prezidenti aýtdy.
Serdar Berdimuhamedow Türkiýe bilen dürli pudaklardaky uzak möhletleýin gatnaşyklaryň berkidilmeginiň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belläp, köpugurly türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine yzygiderli üns berýändigi üçin Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana minnetdarlyk bildirdi.
Doganlyk ýurduň Prezidenti Arkadag şäheriniň açylyş dabarasynda Türkiýede öndürilen, toý sowgady hökmünde iberen ak reňkli “TOGG” kysymly elektromobilleriniň dabaraly baýramçylyk ýörişine gatnaşdyrylmagynyň garaşylmadyk waka bolandygyny, onuň ýatda galyjy pursatlara öwrülmek bilen, türk hem-de türkmen halklarynyň dost-doganlyk gatnaşyklarynyň barha ösdürilýändigini görkezendigini belledi.
Nygtalyşy ýaly, sebitde deňi-taýy bolmadyk täze şäheriň açylyp ulanmaga berilmegi Türkmenistanyň durmuş ulgamyny nazarlaýan we ýurduň hemmetaraplaýyn täzeçil ösüşine, ykdysady kuwwatynyň artdyrylmagyna gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünlikli alnyp barylýandygynyň aýdyň beýanydyr.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda birek-birege ynanyşmak we hormat goýmak esasynda ýola goýulýan türkmen-türk gatnaşyklarynyň häzirki derejesine ýokary baha berildi. Şeýle-de iki ýurduň hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmäge we olary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga ygrarlydygy tassyklanyldy.
Söhbetdeşler Türkmenistanyň we Türkiýäniň halklaryna ähli musulmanlar üçin mukaddes bolan Gurban baýramy mynasybetli gutlaglaryny aýtdylar.