Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Türkmenistanyň Prezidenti «akylly» şäher Arkadagyň birinji tapgyrynyň açylyşyna gatnaşdy
01.07.2023

29-njy iýunda, penşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň paýtagtyndan 30 kilometrlikde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen gurlan Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň açylyşy mynasybetli giň möçberli dabaralar ýaýbaňlandyryldy.

Açylyş dabarasyna Türkmenistana gelen köp sanly daşary ýurtly myhmanlar gatnaşdy.

Dabaralar ir bilen “Akhan” binasynyň ýanyndaky meýdançada başlandy. Mälim bolşy ýaly, şöhratly ahalteke tohumynyň ajaýyp wekili bolan Akhan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilendir. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça gurlan we täze şäheriň bezegi bolan bu özboluşly heýkeltaraşlyk kompozisiýasy milletimiziň buýsanjy bolan behişdi bedewlere ählihalk söýgüsiniň nyşanydyr. Soňra Prezident Serdar Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň Baş meýdançasyna tarap ugrady.

Mälim bolşy ýaly, bu iri taslamany iki tapgyrda durmuşa geçirmek meýilleşdirildi. Häzirki wagtda gurluşygyň birinji tapgyry tamamlanyp, onuň çäklerinde medeni-durmuş we beýleki maksatly desgalaryň 336-sy guruldy.

Dabaralaryň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti we myhmanlar Ruhyýet köşgüne bardylar. Bu ýerde Arkadag şäheriniň dürli ugurlarda gazanylan üstünliklerini tassyklaýan sylag gowşurmak dabarasy geçirildi.

Ýeri gelende aýtsak, bu ýerde şäher köçelerinde jemgyýetçilik ulagynyň ekologik taýdan arassa görnüşleri — elektrobuslar we elektrotaksiler hereket eder. Şeýlelikde, Arkadag şäheri dünýäniň şähergurluşyk, inženerçilik-tehniki ösüşiniň iň täze nusgalaryny özünde jemleýär.

Täze şäherde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň binalarynyň gurlandygyny bellemek gerek. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanda döredilen ilkinji “akylly” Arkadag şäheriniň «Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, «ýaşyl», howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek» taslamasyna goşulandygyny nygtamak gerek.

Dabaranyp barşynda ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň çykyşlary boldy.

Agşamky asmanda täze şäheriň ajaýyplyklaryny, Türkmenistanyň kartasyny, milli gölleri, taryhy gymmatlyklary şekillendiren dronlaryň şüweleňi hem-de köpöwüşginli feýerwerk baýramçylygyň özboluşly jemlenmesine öwrüldi.