Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow watandaşlaryny Gurban baýramy bilen gutlady. Baýramçylyk 28-29-30-njy iýunda baýram edilýär.
«Sizi belent ahlaklylygyň, ruhy tämizligiň hem-de ynsanperwerligiň ajaýyp baýramy bolan mukaddes Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn» - diýlip Serdar Berdimuhamedowyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna iberen baýramçylyk gutlagynda aýdylýar.
«Gurban baýramy bütin dünýäde dogruçyllygy we päkligi ündeýän, agzybirligimizi, jebisligimizi dünýä ýaýýan, jemgyýetimizde ählumumy ruhubelentligi döredýän gadymy baýramdyr. Ynsan kalbynyň tämizligini dabaralandyrýan, asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere geçirilip gelinýän ynsanperwer häsiýetlerimiz, ruhy-ahlak gymmatlyklarymyz, ynanç-ygtykatlarymyz jemlenen bu baýramyň agzybirlik we jebislik ýörelgelerimiziň pugtalandyrylmagynda orny barha ýokarlanýar» diýip Gutlagda aýdylýar.
«Däp bolşy ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni şan-şöhratly wakalara beslenýän ýylynda hem ruhy tämizligiň, päk ynanjyň, ýokary ynsanperwerligiň senasyna öwrülen Gurban baýramyny üç günüň dowamynda giňden hem-de dabaraly belleýäris. Baýram günlerinde paýtagtymyz Aşgabat şäherinde, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde halkymyzy jebisleşdirýän, nesillerde ynsanperwerlik, watansöýüjilik duýgularyny kemala getirýän baý many-mazmunly dabaraly çäreleri geçirýäris» diýlip Gutlagda aýdylýar.
«Gurban baýramynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak wakalaryň — döwlet ähmiýetli Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň açylyş dabarasynyň, halkara we medeni çäreleriň, Türkmenistanyň medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen utgaşyp gelmegi bedew bady bilen ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan ýurdumyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerimizde egsilmez ruhy güýç berýär, jebisligimizi we agzybirligimizi dabaralandyrýar, eziz Watanymyza bolan buýsanjymyzy has-da pugtalandyrýar» - diýip bellenilýär.
Prezident Gutlagynda watandaşlaryna berk jan saglyk, uzak ömür, bagtyýar we abadan durmuş, eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.