Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
«Nebitmaş» kärhanasy nebitgaz pudagy üçin enjamlaryň önümçiligini ýola goýdy
28.06.2023

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň düzümine girýän «Nebitmaş» döwlet kärhanasy nebitgaz pudagynyň önümçilik zerurlyklary üçin enjamlaryň önümçiligini ýola goýdy.

Kärhana nebitgaz pudagy üçin niýetlenen önümleriň, şol sanda AGP markaly nebit akymynyň awtomatik gyzdyryjysynyň, gaz gyzdyryjylarynyň, nebit önümlerini 30 gradusdan +80 gradusa çenli temperaturada bölmäge ýa-da ýüklemäge ukyply kenarýaka nebit çukurlarynda we beýleki ýerlerde gurnalýan deňiz derýa tankerlerinden dökmek we guýmak üçin, nebit önümlerini terminaldan gämä guýmak üçin URU-300 gurnamalarynyň önümçiligini we beýleki işleri ýola goýdy.

Kärhananyň önümçilik çygrynda demir gaplar, şeýle hem burawlaýjylar, ilatly zolaklardan uzakda işleýän nebitçiler üçin niýetlenen süýşýän öý-wagonlary, gaz peçleri bar.

Bu kärhananyň işi Türkmenistanda importuň ornuny tutýan bäsdeşlige ukyply önümçiligi ýola goýmaga gönükdirilen senagat önümçiliklerini üstünlikli ösdürmegiň aýdyň mysaly bolup durýar.