Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Wekilbazar nebit önümleri kärhanasynda metal çelekleriň üçüsi ulanylmaga berildi
25.06.2023

«Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň Hojalyk hasaplaşygyndaky abatlaýyş-gurluşyk müdirliginiň Mary welaýat şahamçasynyň gurluşykçylary üç müň kub metrden köpräk nebit önümlerini saklamaklyga niýetlenilen uly göwrümli täze metal çelekleriniň üçüsini Wekilbazar nebit önümleri kärhanasynda ýokary hilli gurup, ulanmaga berdiler. Munuň özi kärhana gelip gowuşýan nebit önümlerini ygtybarly saklamaklyga hem-de goýbermeklige mümkinçilik berer. Bu bolsa kärhana gelip gowuşýan ýangyç hem çalgy ýaglaryny bökdençsiz kabul etmek ugrunda edilýän aladanyň bir mysalydyr.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda kärhanada döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan estakada hem gurlup ulanylmaga berildi. Bu estakada kärhananyň ýangyç daşaýjy awtoulaglarynyň birbada on sekizisine ýangyç guýmaga mümkinçilik berer.

Mary welaýatynyň Mary şäherinde, Mary, Murgap, Sakarçäge, Wekilbazar etraplarynda ýerleşýän edara-kärhanalaryň awtoulag serişdelerini ýangyç we çalgy ýaglary bilen bökdençsiz üpjün edýän, şeýle hem hususy awtoulaglaryň sürüjilerine hyzmat edýän bu nebit önümleri kärhanasynyň hünärmenleri işlerini ýokary medeniýetli guramaklygy özleriniň gündelik baş aladalary hasaplaýarlar.

— Häzir biziň kärhanamyzda awtoulaglara ýangyç guýujy beketleriň on dokuzysy bolup, olarda müşderilere talabalaýyk hyzmat etmek üçin ähli şertler döredilen. Ýangyç guýujy beketlerimiziň köp gatnawly ýollaryň, köçeleriň ugurlarynda ýerleşmekligi sürüjiler üçin oňaýly, amatly şertleri döredýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen gurulýan «Türkmenawtoban» ýokary tizlikli halkara ýolunyň gurluşygy häzir Mary welaýatynyň çäginde-de üstünlikli dowam etdirilýär. Biz häzirki wagtda ýoluň Tejen-Mary böleginiň 309,7-nji kilometrliginde «A» hem-de «B» bloklarynda awtoulaglara ýangyç guýujy döwrebap beketleriň ikisiniň gurluşyk-gurnama işlerini ýokary depgin bilen alyp barýarys. Bu awtoulag sürüjilerine hyzmat etjek beketleri halkara talaplaryna laýyklykda, ýokary hil derejesinde gurup, bellenilen möhletinde ulanmaga bereris — diýip, Wekilbazar nebit önümleri kärhanasynyň başlygy Toýly Durdymämmedow gürrüň berýär.