Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Almatada Merkezi Aziýada energetiki geçişi amala aşyrmakda zenanlaryň orny maslahatlaşyldy
24.06.2023

Türkmenistanyň zenan wekilleri 12-15-nji iýunda Almata (Gazagystan) şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýada energetika geçişini amala aşyrmakda zenanlaryň orny» atly okuwa gatnaşdylar.

Çärä gatnaşmak üçin Merkezi Aziýanyň, şol sanda Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň energetika kompaniýalarynyň, uniwersitetleriň, kärhanalaryň we hünär assosiasiýalarynyň 40 sany wekili çagyryldy.

Türkmenistana bu çärede Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň, «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň zenan ýolbaşçylary we hünärmenleri wekilçilik etdi.

Bu seminar energetika toplumynda zähmet çekýän zenanlary birleşdirmek we gender deňligi ýörelgelerini ilerletmek maksady bilen ABŞ-nyň Halkara ösüş boýunça agentligi (USAID) tarapyndan «Merkezi Aziýada energetika) maksatnamasynyň çäklerinde Almatanyň energetika we aragatnaşyk uniwersitetiniň meýdançasynda guraldy.

Bu çäre şeýle hem energetika ulgamynda zenan ýolbaşçylaryň sanyny artdyrmak maksady bilen halkara hyzmatdaşlygyna, bilim we halypalyk ýörelgelerine ýardam etmeklige gönükdirildi.

Seminara gatnaşyjylar sebitiň döwletleriniň energetika pudaklary üçin gender syýasaty temasyny maslahatlaşdylar, şeýle hem sebit hyzmatdaşlygynyň we dialogynyň ösmegine ýardam etdiler.

Bu hili çäreler Merkezi Aziýada zenanlaryň energetika bilen bagly kärlerine düşünjelerini hem-de energiýanyň dikeldilýän çeşmeleri ulgamynda bilimlerini artdyrmaga, öňdebaryjy tehnologiýalary geçirmäge ýardam edýär.

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň çykyşlarynyň birinde belleýşi ýaly, «gender deňligi Türkmenistanyň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar we ýurdumyz bu durmuş, syýasy we ykdysady gurşawda gender deňligini gazanmakda möhüm ösüşe eýe boldy».

Türkmenistanda gender deňligini üpjün etmek boýunça Hereketleriň milli meýilnamasyna laýyklykda, ýurtda zenanlaryň ähli derejelerde, şol sanda syýasy we durmuş gurşawynda gatnaşygy giňeldildi. Bu günki gün Türkmenistanda ähli ugurlarda zenanlaryň işjeň gatnaşygy hasaba alynýar. Zenanlar önümçiliklerde bolşy ýaly, ýolbaşçy wezipelerde hem zähmet çekýärler.

USAID-iň «Merkezi Aziýanyň energetikasy» taslamasy 2020-nji ýylda oktýabrda badalga aldy. Ol milli energetika taslamalaryny durmuşa geçirmekde, energiýa serişdeleriniň serhetara söwdasyndan ykdysady bähbitleri almakda, sebitleýin özara gatnaşyklaryň hasabyna energetika howpsuzlygyny ýokarlandyrmakda bäş sany Merkezi Aziýa ýurtlaryna — Gazagystana, Gyrgyzystana, Özbegistana, Täjigistana we Türkmenistana ýardam etmäge gönükdirilendir.

Taslama hünär taýýarlygy, bilim we mümkinçilikleri artdyrmak boýunça höweslendirmeleri artdyrmaga, hususy pudaga maýa goýumlaryny ýokarlandyrmaga, ýerli guramalaryň tejribesini ulanmaga we gender deňligini üpjün etmäge gönükdirilendir. Taslama şeýle hem energetika ulgamynda ýerli hünärmenleri goldamak bilen hem meşgullanýar.