Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi
24.06.2023

23-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Ol alnyp barylýan işler, şol sanda milli parlamentiň ýedinji çagyrylyşynyň ikinji mejlisiniň jemleri barada maglumat berdi. Maslahatda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleriň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak boýunça geçirilýän işleriň çäklerinde işlenip taýýarlanylan kanunlaryň birnäçesi kabul edildi.Bellenilişi ýaly, ara alnyp maslahatlaşylan we kabul edilen hukuk namalarynyň hatarynda “Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Hökümetiniň, Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň we Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşygy tassyklamak hakynda”, “Integral mikroshemalaryň topologiýalarynyň hukuk goragy hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary, şeýle hem dürli ulgamlarda gatnaşyklary kadalaşdyrýan kanunçylyk namalarynyň birnäçesine üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakyndaky kanunlar bar. Häzirki wagtda ministrliklerden, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowuşýan teklipler esasynda täze kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak boýunça işler dowam etdirilýär. Şunuň bilen birlikde, Moldowa Respublikasynyň, Müsür Arap Respublikasynyň, Slowakiýa Respublikasynyň ilçileri bilen geçirilen duşuşyklar barada habar berildi. Beýik Britaniýanyň, Ýaponiýanyň, Ermenistanyň, Kataryň ilçileri, ÝHHG-niň Milli azlyklaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň ýolbaşçylygynda ýurdumyza gelen wekiliýetiň agzalary hem-de Ýewropa parlamentiniň Merkezi Aziýa ýurtlary we Mongoliýa boýunça wekiliýeti bilen geçirilen duşuşyklarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de “Ýewropa Bileleşigi — Türkmenistan” parlamentara dialogynyň 6-njy mejlisi geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmeleriň kanunçylyk binýadyny üpjün etmegiň, milli parlamentiň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň möhümdigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow 2022-nji ýylyň dekabr aýynda “Ilat ýazuwy — 2022: Jebislik. Bagtyýarlyk. Röwşen geljek” şygary astynda geçirilen Türkmenistanyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwynyň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, döwlet derejesindäki bu çäre ýurdumyzyň ähli sebitlerinde sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly geçirildi. Uçdantutma ýazuwda toplanan maglumatlar umumylaşdyryldy we degişli görkezijiler boýunça ulgamlaşdyryldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, toplanan maglumatlaryň ozalky şeýle çäräniň geçirilen wagtyndan bäri geçen döwürde demografik, durmuş we ykdysady görkezijilerdäki üýtgeşmeleri görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, milli ykdysadyýetimizi ýakyn ýyllarda ösdürmek üçin hem möhüm maglumat çeşmesi bolup hyzmat edýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz orta we uzak möhletleýin geljek üçin durmuş-ykdysady döwlet syýasatynda peýdalanmak maksady bilen, bu maglumatlary ýene-de bir gezek içgin öwrenmegiň zerurdygyny aýtdy. Şu babatda wise-premýere Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň birinji ýarymynyň jemlerine bagyşlanyp geçiriljek mejlisinde giňişleýin hasabat bermek tabşyryldy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmengaz” döwlet konserniniň önümçilik desgalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli resminamanyň taslamasy hödürlenildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, nebitgaz senagatynyň durnukly, netijeli işlemegini üpjün etmegiň düzümleri we önümçilik kuwwatlyklaryny döwrebaplaşdyrmak, tehnikalary, enjamlary täzelemek, netijeli tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen gönüden-göni baglydygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz degişli Karara gol çekip, ony wise-premýere sanly ulgam arkaly iberdi we resminamadan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi. Häzirki wagtda galla hasylyny gysga möhletde we ýitgisiz ýygnamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Galla oragyndan boşan meýdanlarda sürüm işlerini öz wagtynda geçirmek, ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär. Tabşyrylan bugdaý hasyly üçin önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, obasenagat pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuny nygtady we ýetişdirilen bugdaý hasylyny öz wagtynda, ýitgisiz ýygnap almagyň, gowaça ideg etmek işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly geçirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, hususan-da, “Türkmenhimiýa” döwlet konserninde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, hereket edýän önümçilikleriň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagynyň zerurdygyny belledi hem-de bu ugurda alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etdirmegi tabşyrdy. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz wise-premýere ýurdumyzyň elektroenergetika pudagynyň düzümlerini has-da kämilleşdirmek, bu pudagyň eksport kuwwatyny artdyrmak babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew Dokma senagaty ministrligine degişli kärhanalary döwrebaplaşdyrmak, olaryň dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu wezipeleri netijeli çözmek üçin bu ulgamda guramaçylyk-hukuk kadalaşdyrylyşyny üpjün etmek boýunça degişli çäreler amala aşyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, innowasion ykdysadyýetiň okgunly ösüşiniň aýdyň nusgasy bolup durýan dokma pudagyny döwrebaplaşdyrmak, döwrüň talaplaryna laýyklykda, kärhanalary dolandyrmak ulgamyny kämilleşdirmek meselelerine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz bu ugurdaky gaýragoýulmasyz wezipeleri netijeli çözmegiň wajypdygyny belledi we wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa şu ýylyň iýul aýynda geçiriljek esasy çäreler barada hasabat berdi.

Öňümizdäki aýda ýurdumyzyň welaýatlarynda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde 2023-nji ýylyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip yglan edilmegi, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli maslahatlary, döredijilik duşuşyklaryny, brifingleri, şeýle hem “akylly” şäher bolan Arkadag şäheriniň mümkinçilikleri bilen tanyşdyrýan wagyz-nesihat çärelerini geçirmek meýilleşdirilýär. Iýul aýynda yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemlerini jemlemek, sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlary geçirmek göz öňünde tutulýar. Çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde-de köpçülikleýin medeni çäreler, bäsleşikler, sport ýaryşlary geçiriler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli medeniýetimizi mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn işleriň, häzirki döwürde onuň baý däplerini dowam etdirmegiň, türkmen halkynyň özboluşly medeni mirasyny giňden wagyz etmegiň, medeni-ynsanperwer ulgamda netijeli halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere geçirilmegi meýilleşdirilýän medeni çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri we Magtymguly Pyragy” atly halkara ylmy maslahata görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Forum türkmen nusgawy şahyry we Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny baýram etmäge bagyşlanan çäreleriň Meýilnamasyna laýyklykda geçirilýär. Maslahata gatnaşyjylar we myhmanlar üçin uly medeni maksatnama taýýarlanyldy. Şol maksatnama Arkadag şäherine, “Nusaý” döwlet taryhy-medeni goraghanasyna we paýtagtymyzyň muzeýlerine gezelençleri guramak, “Aşgabat” kinokonsert merkezinde filmleri görkezmek ýaly çäreler, konsertler, sergiler we beýlekiler girizildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, dünýä taryhynda öçmejek yz galdyran türkmen halkynyň beýik oglunyň täsin döredijilik mirasyny mundan beýläk-de giňden wagyz etmegiň zerurdygyny belledi hem-de wise-premýere bu wekilçilikli foruma ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görmek we geçirmek meselelerine gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna 2019-njy ýylyň 3-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanan Orta hünär we ýokary hünär bilimi edaralarynyň uçurymlaryny işe ýollamagyň Düzgünnamasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda Kararyň taslamasyny hödürledi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, hemmetaraplaýyn ösen ýaş nesli kemala getirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Arkadag şäherine döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk ýagdaýynyň berilmegi bilen, şäheriň edaralarynyň, guramalarynyň we kärhanalarynyň öňünde goýlan wezipeleri ýokary hilli amal etmek, işgärler köpçüliginiň üstüni yzygiderli ýetirmek maksady bilen, Ahal welaýatyndan we Aşgabat şäherinden ýurdumyzyň orta hünär we ýokary okuw mekdeplerini üstünlikli tamamlaýan uçurymlary Arkadag şäherine işe ýollamak göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz döwletimiz tarapyndan Garaşsyz Türkmenistanyň mundan beýläk-de okgunly ösmegine mynasyp goşant goşjak ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmek üçin ähli şertleriň geljekde-de dörediljekdigini belläp, degişli Karara gol çekdi we ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberip, bu resminamanyň talabalaýyk ýerine ýetirilmegi babatda anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde Durnukly ösüş maksatlarynyň amala aşyrylyşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bu gatnaşyklara aýratyn üns bermek bilen, ählumumy we sebit gün tertibi babatda BMG bilen uzak möhletli geljek üçin hyzmatdaşlyk etmegiň esasy ugurlaryny kemala getirýär. Şunuň bilen baglylykda, 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyz dünýä bileleşiginiň işjeň agzasy bolmak bilen, olary işläp taýýarlamaga mynasyp goşant goşdy. Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlarynyň 17-sini milli maksatnamalara we durmuş-ykdysady ösüş strategiýalaryna girizmek bilen, ony milli derejede ýerine ýetirip başlan döwletleriň ilkinjileriniň biridir. Hususan-da, Hökümet derejesinde Durnukly ösüş maksatlarynyň ilkinji tapgyrynda jemi 17 maksady, 148 wezipesi we 187 görkezijisi kabul edildi.

Iýul aýynda Nýu-Ýorkda geçiriljek bu forumyň barşynda ýurdumyzyň wekiliýeti tarapyndan BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasy, Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Ýewropa ykdysady komissiýasy hem-de BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasy bilen bilelikde Arkadag şäheriniň tanyşdyrylyşy boýunça ugurdaş çäräni geçirmek teklip edilýär. Şunda “akylly” şäher konsepsiýasy esasynda döredilen Arkadag şäheriniň Durnukly ösüş maksatlarynyň 11-nji maksadynyň talaplaryna doly laýyk gelýändigi bellenildi. Bu maksat şäherleriň we ilatly nokatlaryň açyklygyny, howpsuzlygyny, durmuşa ukyplylygyny, ekologik taýdan durnuklylygyny üpjün etmekden ybaratdyr.

Şeýle hem awgust aýynda ýokarda agzalan forumyň jemleri boýunça BMG-niň edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak boýunça ýurdumyzda görülýän toplumlaýyn çärelere bagyşlanan “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşligi guramak teklip edildi. Mundan başga-da, DÖM-niň ýurdumyzda durmuşa ornaşdyrylmagy boýunça maglumat binýadyny öz içine alýan internet meýdançasyny Statistika baradaky döwlet komitetiniň stat.gov.tm internet saýtynda ýerleşdirmek, şeýle hem türkmen tarapynyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň çäklerinde şu ýylyň sentýabr aýynda geçiriljek Durnukly ösüş maksatlarynyň sammitine gatnaşmagy boýunça teklipler beýan edildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygyň Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz hödürlenen teklipleri makullap, BMG bilen strategik häsiýete eýe bolan köpýyllyk gatnaşyklaryň ençeme ugurlary öz içine alýandygyny we uly mümkinçiliklere eýedigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew “Sanly çözgüt — 2023” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigini geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu bäsleşigiň maksady ýurdumyzda programma üpjünçiligini işläp düzýän we innowasion oýlap tapyşlar bilen meşgullanýan ýaşlary ýüze çykarmakdan hem-de höweslendirmekden ybaratdyr.

Hormatly Prezidentimiz “Sanly çözgüt — 2023” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigini geçirmegiň uly ähmiýetini belläp, ony ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek babatda agentligiň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary berdi.

Şeýle hem Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory “Türkmenaragatnaşyk” agentligi tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, şeýle hem “Elektron hökümet hakynda” Türkmenistanyň Kanunyny durmuşa geçirmek maksady bilen, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi bilen BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň arasynda Türkmenistanda pudagara elektron maglumat alşygy ulgamynyň ornaşdyrylmagyna ýardam bermek hakynda taslama resminamasyna gol çekildi. Bu taslama pudagara elektron maglumat alyşmak we elektron resminama dolanyşygy ulgamlaryny döretmäge, işe girizmäge we ýurdumyzyň pudak edaralarynyň birnäçesini bu ulgamlara birikdirmäge, bu ugurda işlejek hünärmenleri taýýarlamaga, halkara tejribäni öwrenmäge gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwlet dolandyryş edaralarynyň işini döwrebaplaşdyrmagyň, pudagara elektron maglumat alyşmalar ulgamyny ornaşdyrmagyň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüş maksatnamalaryny, şol sanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek Konsepsiýasyny üstünlikli amala aşyrmaga ýardam etjekdigini nygtady we bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy, pudaklary ösdürmäge gönükdirilen resminamalar kabul edildi.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

www.tdh.gov.tm