Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowanyň ýurdumyzda iş sapary bilen bolýan Ýewropa parlamentiniň Merkezi Aziýa ýurtlary we Mongoliýa boýunça wekiliýetiniň ýolbaşçysy Tomaş Zdehowskiý bilen duşuşygynda söwda-ykdysady, ulag-kommunikasiýa, energetika we ynsanperwer-medeni ugurlarda özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.
Duşuşygyň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty netijesinde günsaýyn täze üstünliklere eýe bolup, halkara giňişlikde ornuny pugtalandyrýandygy bellenildi.
Nygtalyşy ýaly, Ýewropa parlamenti bilen özara gatnaşyklar ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we durmuş ulgamynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilen taslamalaryň, maksatnamalaryň çäginde ileri tutulýan meseleleri üstünlikli çözmekde, hususan-da, “Ýewropa Bileleşigi — Türkmenistan” bilelikdäki komitetiň, Parlamentara dialogyň, Adam hukuklary boýunça dialogyň, Daşary işler ministrlikleriniň konsultatiw duşuşyklarynyň we hyzmatdaşlygyň aýry-aýry ugurlarynda netijeli ösdürilýär.
Söhbetdeşler Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda gazanylan ylalaşyklary kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleriň möhümdigini belläp, şertnama-hukuk binýadyny, özara tejribe alyşmagy giňeltmek, netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek, ony hil taýdan täze derejä çykarmak maksady bilen, ikitaraplaýyn parlamentara duşuşyklarydyr geňeşmeleri yzygiderli geçirmegiň zerurdygyny nygtadylar.a