Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Maksim Bortnikow – “Gazprombank” bankynyň Durnukly ösüş maksatlary boýunça dolandyryjy müdiri:
17.06.2023

Aşgabatda geçirilen Halkara maslahatyň mowzugy örän wajyp bolup, munuň şeýledigine oňa gatnaşanlaryň düzümi şaýatlyk edýär. Olaryň hatarynda döwlet edaralarynyň, iri halkara guramalarynyň, banklaryň, iri gaz çykaryjy kompaniýalarynyň wekilleri, alymlar, esasy hünärmenler we nebitgaz ulgamynyň bilermenleri boldy.      

“Gazprombank” öňden bäri düzümleýin taslamalary düzmek we maliýeleşdirmek bilen meşgullanyp, “ýaşyl” gün tertibiniň meselelerine aýratyn üns berýär. Bankyň düzüminde bu ugurda taslamalary ulgamlaşdyrmak, şeýle hem durmuş, ekologiýa we ykdysady ugurlar boýunça maksatlary we wezipeleri düzmek üçin Durnukly ösüş maksatlary boýunça geňeş döredildi. Geňeş her ýyl bu ugurlarda ýerine ýetiren işleri, şol sanda bankyň ekologiýa jogapkärçilgi syýasatynyň konsepsiýasyny amala aşyrmak boýunça geçirilen işler barada hasabat berýär.

Aşgabatda geçirilen maslahata gatnaşmagym tejribe alyşmaga, kesgitlenen meseleleri çözmegiň öňdebaryjy tejribeleri, taslamalaryň eneronetijeliliginiň derejesini ýokarlandyrmak üçin ulanylýan serwisler, şeýle hem “ýaşyl energetikany” ilerletmekde ekologiýa maliýeleşdirmesiniň täze mümkinçilikleri hem-de başlangyçlary bilen tanyşmaga mümkinçilik berdi.     

Uglewodorodlar gazylyp alynanda metanyň we kömürturşy gazyň howa zyňylýan möçberini azaltmak meseleleri boýunça bölümlerde geçirilen mejlislerde bilermenleriň çykyşlary gyzykly we mazmunly boldy.    

Halkara maslahatynyň oňat guralandygyny bellemek isleýärin. Myhmanlar we bilermenler üçin çäreleri geçirmekde we halkara forumyň gün tertibine girizilen möhüm meseleler boýunça netijeli pikir alyşmakda zerur bolan ähli şertler döredildi.