Anna güni Prezident Serdar Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy.
Dabaranyň barşynda täze şäherde ulanyljak ekologiýa talaplaryna doly laýyk gelýän döwrebap ulaglary – elektrobuslary, elektromobilleri, jemagat we ýöriteleşdirilen gulluk ulaglary sowgat berildi.
Düýbüni tutmak dabarasy başlanmazdan öň, Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Göçme mejlisiň dowamynda döwlet Baştutany Türkmenistanda döwlet ähmiýetli Arkadag şäherini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meseleleri bilen bagly resminamalara gol çekdi.
Arkadag şäherinde 70 müňe golaý ilat ýaşar. Şäher türkmen paýtagtyndan 30 km günorta-günbatarda 950 gektar meýdançada gurulýar.
Ägirt uly taslamany durmuşa geçirmeklik 2019-njy ýylda başlandy. Şäheriň birinji tapgyrynyň çäklerinde «akylly» ýaşaýyş jaýlary, häkimlik binasy, lukmançylyk edaralary, bilim we medeni desgalar, drama teatry, kitaphana, muzeý, Halkara ahalteke atçylyk mekdebi we beýleki binalar guruldy.
Arkadag şäheri ýurdumyzda ekologiýa taýdan arassa elektrik ulaglaryň hereket etjek ilkinji şäheri bolar.
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň öň gol çeken kararyna laýyklykda, Arkadag şäheriniň ikinji tapgyryny 2026-njy ýyla çenli gurmak meýilleşdirilýär.