Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Çagalaryň dynç alşy şowhuna beslenýär
16.06.2023

Häzirki wagtda ýurdumyzda çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümi dowam edýär. Tomsuň ilkinji günlerinde okuw möwsümini tamamlan çagalary ýurdumyzyň ajaýyp Gökdere jülgesindäki köpsanly sagaldyş-dynç alyş merkezleri gujak açyp garşylady. Şolaryň hatarynda Gökderedäki «Şöhle» we «Nebitçi» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleri hem bar. Olarda dynç alyp, saglygyny berkidýän çagalaryň her gününiň manyly we netijeli geçmegi üçin ähli şertler döredilipdir.

Bu dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde bedenterbiýe-sport bilen meşgullanmak üçin meýdançalar, kompýuter, zähmet otaglary, döredijilik merkezleri, el hünärini, rus, iňlis dillerini öwrenmek üçin ýörite gurnaklar, kitaphana hereket edýär. Merkezlerde dynç alýan çagalaryň wagtlaryny gyzykly geçirmekleri üçin ýurdumyzyň tanymal artistleriniň, bagşy-sazandalarynyň, ýazyjy-şahyrlarynyň gatnaşmagynda duşuşyklar, edebiýat agşamlary, dabaraly çäreler yzygiderli guralýar.

Golaýda Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Işçi iýmiti üpjünçilik we hyzmatlar» müdirligi bilen bilelikde guramagynda Gökderede ýerleşýän «Şöhle» we «Nebitçi» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde «Dostlugyň özeni — gözel Gökdere» atly aýdym-sazly dabaraly çäre geçirildi.

Tomusky dynç alşa çykan mekdep okuwçylarynyň wagtlaryny şatlykly-şagalaňly geçirmekleri üçin uly alada edilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň çäksiz tagallalary bilen ýurdumyzyň ýagty geljegi bolan çagalaryň her bir gününiň, aýratyn hem tomusky dynç alyş möwsüminiň ýokary derejede geçmegini üpjün etmek üçin ýurdumyzda ähli mümkinçilikler döredildi. Muňa şu möwsümde dynç almaga gelen çagalaryň belent ruhly şadyýan sesleri şaýatlyk edýär. Bular dogrusynda «Nebit-gaz» gazetiniň baş redaktory Ussa Ussaýewiň, «Türkmengaz» DK-nyň «Işçi iýmiti üpjünçiligi we hyzmatlar» müdirliginiň guramaçylyk we medeni çäreler boýunça esasy hünärmeni Jepbar Annaşowyň çykyşlarynda buýsanç bilen bellenildi.

Dabaraly çärede «Türkmengaz» DK-nyň Medeni-işewürlik merkeziniň sungat ussatlary — Türkmenistanyň at gazanan artisti Ogulgerek Gurbanowanyň, aýdymçylar Maksat Tuwakowyň, Allanur Bäşimowyň, Gulmuhammet Seýitnazaryň şowhunly aýdym-sazlary bagtyýar çagalaryň göwünlerini galkyndyrdy. Şirin aýdym-sazlar ajaýyp mesgen bolan Gökderede tomusky dynç alyş möwsümini şadyýanlykda geçirýän çagalar üçin ýakymly täsirleri galdyryp, mähirden doly ajaýyp ýatlama öwrüler.