Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Ekologiýa meselelerini çözmekde neýron ulgamlaryny ulanmak TESC-2024-iň gün tertibinde
10.06.2024

Aşgabatda TESC-2024 Halkara ylmy-amaly maslahat öz işini dowam edýär.
Täze tehnologiýalaryň we ekologiýa howpsuzlygynyň innowasion usullary arkaly energetikanyň geljegine garaýan iri forumyň ikinji gününde uglewodorod baýlyklaryny çykarmakda kömürturşy gazyny we kükürdi ulanmak temasyna bagyşlanan çykyşlar boldy.
Çyzuwly geometriýa we materiallaryň garşylygy barlaghanasynyň müdiri Witaliý Bakşaýew Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde işlenip taýýarlanylan ylmy-barlag taslamasy bilen tanyşdyrdy. Onuň aýtmagyna görä, häzirki wagtda türkmen alymlary daşky gurşawy hapalaýan esasy maddalaryň biri bolan kükürtli wodorody tebigy gazdan arassalamak meselelerini çözmek babatda işjeň iş alyp barýarlar.
Nanomateriallar we nanotehnologiýalar pudagyndaky häzirki zaman üstünlikleri, informatika ylymlarynyň ösüşi esasynda kükürtli wodorody aýyrmak meselesine garanlarynda, hünärmenler emeli aňy we neýroulgamlaryny öz işine ornaşdyrýarlar.

Kükürtli wodorody aýyrmakda esasy zat kükürtli wodorody tutmak, süzmek we ony durnukly görnüşlere, ýagny kükürde ýa-da sulfata öwürmekdir. Munuň üçin nanoabsorberler we nanokatalizatorlar ulanylýar.

– Biz deslapdan islenýän häsiýetleri bolan materiallary, ýagny himiki we fiziki-mehaniki ugurlar boýunça programmalaşdyryp bileris. Emma wezipe şeýle bir çylşyrymly welin, emeli aňy ulanmazlyk mümkin däl – diýip, Witaliý Bakşaýew gürrüň berýär.

Şonuň üçin çuňňur neýroulgamlary, rekurrent neýroulgamlary boýunça birnäçe programmany taýýarlaýarys. Esasanam, generatiw-bäsleşikli neýroulgamlary bilen işlemek aýratyn özüne çekiji.

Neýroulgamlar belli meseleleri çözenlerinde öz-özünden sapak alýarlar. Soňra näbelli bir iş üçin sowal dörände alnan bilimleri, ýagny öz-özünden öwrenenlerini ulanýarlar. Şeýlelik bilen, gurluşyň, ýagny materialyň daşky görnüşi bilen himiki we çuňňur atom baglanyşyklarynyň arasynda baglanyşyk gurmaga mümkinçilik alýarys. 

Mesele gaty çylşyrymly, ony dürli tarapdan çözmeli. Şunda mikro we makro dünýäleriň galtaşygy bar. Bu ýerde eýýäm kwant-mehaniki aýratynlyklary işleýär. Gözleglerimizden täsirli netije alarys diýip umyt edýärin. 

Çykyşynyň ahyrynda ol şu günler Aşgabatda geçirilýän Halkara ylmy-amaly maslahatda gozgalan meseleleriň has möhümdigini we olary çözmegiň mümkinçiliginiň bilelikdäki tagallalaryň jemlenmegini talap edýändigini aýtdy.