Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
HNGU-da ylmy forumyň öňüsyrasynda çäreler geçirildi
15.06.2023

14-nji iýunda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde «Energetiki nukdaýnazarlar we uglewodorod ýataklaryny özleşdirmegiň täze tehnologiýalary» atly halkara ylmy-amaly maslahatynyň öňüsyrasynda iki sany deslapky çäreler geçirildi.

«Elýeterli we arassa energiýa: ýaşlaryň garaýşy» temasy boýunça geçirilen birinji çäräniň dowamynda BMG-niň, yly toparlaryň we Türkmenistanyň talyp ýaşlarynyň wekilleri Durnukly ösüş maksatlaryny, şol sanda gymmat bolmadyk, ygtybarly, durnukly we häzirki zaman energiýa çeşmeleriniň üpjünçiliginiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň we Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplarynyň gatnaşmagynda diskussiýalar geçirildi, olara gatnaşyjylar durnukly energetika boýunça geljegi uly pikirlerini durmuşa geçirmek boýunça pikir alyşdylar.

«Inžener-nebitçileriň jemgyýeti: Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň hünärmenleri üçin mümkinçilikler» atly ikinji çäräniň dowamynda Jemgyýetiň işi, onuň maksatlary we agzalygyň şertleri, döremeginiň taryhy we ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlygynyň geljegi barada prezentasiýalar görkezildi.

15-nji iýunda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde «Energetiki nukdaýnazarlar we uglewodorod ýataklaryny özleşdirmegiň täze tehnologiýalary» atly halkara ylmy-amaly maslahaty öz işine başlady.