Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Döwrebap zähmet çekilýär
15.06.2023

Soňky ýyllarda tehniki-ykdysady üpjünçilik babatda yzygiderli täzelenişi başdan geçirýän «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň «Körpeje» gaz çykaryş müdirligi konserniň önümçilik düzümleriniň arasynda hemişe öň hatarda bolmagyň hötdesinden gelýär. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň» geçen iki aýynda müdirlikde hereket edýän guýulardan alnan «mawy ýangyjyň» möçberi 513 million kub metre golaýlap, bu baradaky meýilnama 114 göterimden geçirilip ýerine ýetirildi. Şunda bellenilen meýilnamadan artyk çykarylan «mawy ýangyjyň» möçberi 62,8 million kub metre golaýlady.

Gürrüňi edilýän hasabat döwründe tutuş konsern boýunça çykarylan tebigy gazyň üçden iki bölegine barabarynyň hut şu müdirlige degişlidigini hem aýratyn nygtamak gerek. Bu müdirlik Günbatar Türkmenistanyň çäklerindäki Körpeje, Çekişler, Altyguýy ýaly ýataklarda hereket edýän guýulardan «mawy ýangyjy» çykarmak, taýýarlamak we ony sarp edijilere ugratmak işini birkemsiz ýola goýmagy başarýar. Kärhananyň zähmet toparlary şu ýylyň ilkinji üç aýynyň 686 million kub metr «mawy ýangyç» çykarmak baradaky meýilnamasyny has artygy bilen ýerine ýetirmegi maksat edinýärler. Ýeri gelende aýtsak, körpejeli hünärmenler geçen iki aýda gaz guýularyndan alynýan gaz kondensatynyň hasabyna 9 müň tonnadan gowrak nebit tabşyrmak baradaky meýilnamany hem 110 göterime barabar berjaý etmegiň hötdesinden geldiler.

Müdirligiň bölümlerinde we ülüşlerinde döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda, ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlary, kämil tilsimatly desgalar, takyk kompýuter ulgamlary netijeli işledilýär. Bu bolsa müdirlige sebitleýin senagat düzümleriniň we ilatyň tebigy gaza bolan islegini ygtybarly kanagatlandyrmaga doly şert döredýär. Kärhananyň özleşdirýän uglewodorod çig malyna baý ojaklarynda önümli guýulara hyzmat etmekde ýüze çykaýjak kynçylyklary aradan aýyrmak maksady bilen, Çekişler meýdançasynda döredilen bölümde hem netijeli işler amala aşyrylýar. Bu ýerde hereket edýän pes temperaturaly saýlaýjy desgada her gije-gündiziň dowamynda bäş million kub metre barabar gaz taýýarlanylýar. «Keýmir» gazlift kompressor stansiýasynda bolsa, nebitden saýlanylyp, alawda ýakylýan ugurdaş gaz ýygnalyp, her gije-gündizde ýokary basyşa çykarylýan üç million kub metre barabar gaz gazgöteriş usulynda önüm berýän nebitli guýulara gönükdirilýär.

Müdirlik boýunça Akpatlawuk, Keýmir we Çekişler meýdançalarynda gazy ýygnamak, taýýarlamak we sarp edijilere ugratmak boýunça barlag-ölçeg abzallary, awtomatika we elektroenergetika ulgamy netijeli işledilýär. Kärhanada degişli ýataklardaky önüm berýän guýularda düýpli abatlaýyş işleri öz wagtynda amala aşyrylýar. Bu bolsa ýer astyndan alynýan «mawy ýangyjyň» möçberini artdyrmaga aýgytly täsirini ýetirýär. Hereket edýän guýulardan alynýan gazlar arassalanylyp, doly taýýarlanylandan soňra, «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Gamyşlyjanebit» we «Keýmir» nebitgaz çykaryş müdirliklerine we «Türkmengaz» döwlet konserniniň Balkanabatdaky «Günbatargazakdyryş» kärhanasyna akdyrylýar.

Hazynalar mesgeninde gazkondensatly guýularyň amatly iş düzgünlerinde uglewodorod gorly ýataklary ýitgisiz işläp geçmegiň geljegini üpjün etmekde yzygiderli işler alnyp barylýar. Şunda bu müdirligiň hünärmenleri bilen bilelikde konserniň «Nebitgazylmytaslama» institutynyň, «Türkmennebitgeofizika» hem-de Abatlaýyş-sazlaýyş we elektrogurnama müdirlikleriniň hünärmenleriniň gatnaşmagynda ulanyş gaznasynyň önümli guýularynyň dürli iş düzgünlerinde barlag-ölçeg, synag işleri amala aşyrylýar.