Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Birža söwdalarynda ТС-1 awiakerosini we nebit bitumy uly islegden peýdalandy
15.06.2023

12-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda jemi bahasy 1 mln amerikan dollaryna we 150 mln türkmen manadyna deň bolan 24 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT habar berýär.

Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri ТС-1 kysymly uçar kerosininiň 1,5 müň tonnasyny satyn aldylar, önümiň her tonnasyna 675 amerikan dollary baha berdiler. Geleşigiň jemi bahasy 1 mln amerikan dollaryndan geçdi.

Içerki bazarda ýerli telekeçiler  BND 60/90 kysymly nebit ýol bitumynyň 60 müň tonnasyny satyn aldylar. Önümiň her tonnasyna 2,5 müň türkmen manady baha berildi, geleşigiň jemi bahasy bolsa 150 mln türkmen manadyna deň boldy.

Söwdalaşyklara goýlan harytlar barada maglumatlar bilen Türkmenistanyň Döwlet haryt we çig mal biržasynyň resmi web saýty (tmex.gov.tm) arkaly tanşyp bilersiňiz.

Nebit we gaz pudagynda birža söwdasy duşenbe-anna günleri 16:30-da, şenbe güni 12:00-da başlanýar.