Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
TDHÇMB-niň söwdalarynda nebithimiýa önümleri uly islegden peýdalandy
14.06.2023

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 57-si hasaba alyndy.

Ýurdumyzyň nebithimiýa senagatynyň önümleri ýokary islegden peýdalanýar. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Maltanyň, Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen A-92 awtobenzini, ýangyç mazudyny, “Türkmengaz” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ECO-93 awtobenzini satyn aldylar.

Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Hytaýyň, BAE-niň, Türkiýäniň, Gonkongyň, Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Gyrgyzystanyň telekeçileri dürli görnüşli tüýjümek önümleri, ýorgan-düşek toplumlaryny, ranfors, nah ýüplügi, matany hem-de hasany satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 137 million dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin umumy bahasy 28 million 73 müň manatdan gowrak bolan bugdaý harpygyny, binýatlyk ýagy hem-de “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni satyn aldylar.