Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Aşgabat — Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri
29.05.2024

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabadyň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edilmegi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň möhüm wakalarynyň biri boldy. Mälim bolşy ýaly, bu çözgüt 24-nji maýda türkmen paýtagtynda geçirilen GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň çäklerinde biragyzdan kabul edildi. Munuň özi Aşgabat şäheriniň gününiň öňüsyrasynda ildeşlerimiz üçin ajaýyp sowgat boldy. Ýurdumyzda we daşary döwletlerde uly seslenmä eýe bolan bu şanly waka Türkmenistanyň GDA-nyň giňişliginde sport ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşýan uly goşandynyň nobatdaky ykrarnamasydyr.

Bitarap Türkmenistan Arkalaşygyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, dürli ugurlardaky, şol sanda sport ulgamyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça anyk teklipleri öňe sürýär hem-de döwletara gatnaşyklar meselelerinde hemişe işjeň orny eýeleýär. 2022-nji ýylyň oktýabrynda Astanada geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň sammitinde hormatly Prezidentimiziň Arkalaşygyň çäklerinde sport hyzmatdaşlygyny giňeltmek maksady bilen, GDA-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça geňeşiniň howandarlygynda halkara sport ýaryşlaryny geçirmek boýunça utgaşdyryjy komiteti döretmek barada öňe süren teklibi, şeýle hem yzygiderli esasda Dostluk oýunlaryny guramak başlangyjy ýokary baha eýe boldy hem-de goldanyldy. Şeýlelikde, Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlary bu abraýly gurama agza ýurtlar tarapyndan hemişe goldanylýar, üstünlikli durmuşa geçirilýär hem-de doganlyk halklaryň arasyndaky däp bolan dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam berýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän “Açyk gapylar” syýasaty we giň halkara hyzmatdaşlyk esasynda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň paýtagty syýasy, işewürlik, medeni, jemgyýetçilik durmuşynyň iri merkezine öwrüldi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ägirt uly özgertmeleriniň nyşany bolan paýtagtymyz Aşgabat iri halkara çäreleriň, şol sanda dünýä derejesindäki sport ýaryşlarynyň geçirilýän ýeri hökmünde tanalýar. Milli Liderimiziň täzeçil şähergurluşyk strategiýasynyň netijesinde paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap sport toplumlary, köpugurly stadionlar, ýöriteleşdirilen sport mekdepleri yzygiderli gurulýar.

Aşgabat şäherinde gysga wagtyň içinde sportuň dürli görnüşleri, şol sanda ildeşlerimiz tarapyndan uly höwes bildirilýän hokkeý hem-de figuralaýyn typmak bilen meşgullanmak üçin ähli zerur şertleri özünde jemleýän döwrebap infrastruktura döredildi. Soňky ýyllarda gurlan we sebitde deňi-taýy bolmadyk iri sport desgalary, şol sanda Olimpiýa şäherçesi, Olimpiýa suw sport toplumy, Milli Olimpiýa sport köşgi, Gyşky oýunlar sport toplumy, “Aşgabat” köpugurly stadiony we beýlekiler Türkmenistanyň sport ýurduna öwrülmegini şertlendirýär. Ýurdumyzyň ýokary sport üstünliklerine ymtylmasynyň nyşany bolan bu ugurdaş desgalar milli sport ulgamynda mundan beýläk-de düýpli özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmäge, beden taýdan sagdyn ýaş nesilleri kemala getirmäge, çempion türgenleri we ýygyndy toparlary taýýarlamaga gönüden-göni ýardam berdi. Iň esasysy bolsa, geçirilen giň möçberli işleriň netijesinde, Aşgabat dürli görnüşli, şol sanda iň ýokary derejeli ýaryşlary geçirmek üçin ähli zerur şertleri özünde jemleýän, dünýä sportunyň okgunly ösýän merkezi hökmünde halkara giňişlikde uly abraýa eýe boldy.

Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi tarapyndan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny Aşgabatda geçirmek baradaky taryhy çözgüdiň kabul edilmegi ýurdumyza halkara sport jemgyýetçiliginiň bildirýän aýratyn ynamynyň, Türkmenistanyň bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda bitirýän hyzmatlarynyň ykrar edilmeginiň nyşany boldy. “Aşgabat — 2017” oýunlarynyň üstünlikli geçirilmegi döwletimiziň özüne bildirilen ýokary ynamy mynasyp ödändiginiň aýdyň güwäsi boldy. Aziýanyň 45 ýurdy bilen bir hatarda, ilkinji gezek Okeaniýanyň 19 döwletinden türgenleriň gatnaşmagy “Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk” şygary astynda geçen Aziadanyň esasy aýratynlygy boldy. Bu oýunlaryň şeýle formatda geçirilmegi halkara sport hereketiniň taryhynda täze sahypany açyp, dünýäniň dürli künjeklerindäki millionlarça adamyň bähbidine sport hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrmaga ýardam berdi. Milli ýygyndy toparymyz bu ýaryşlarda Watanymyzyň sport abraýyny mynasyp gorap, toparlaýyn hasapda birinji orny eýeledi.

Mälim bolşy ýaly, “Aşgabat — 2017” özünde 40-a golaý desgany jemleýän Olimpiýa şäherçesinde geçirildi. Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň şol wagtky prezidenti bu sport toplumynyň enjamlaşdyrylyş derejesine ýokary baha berdi.

Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesiniň iki desgasynyň — Sportuň suw görnüşleri toplumynyň dünýäde iň iri üsti ýapyk howuz hökmünde hem-de Olimpiýa stadionynyň münberini bezeýän ahalteke bedewiniň çeper keşbiniň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilendigini bellemek gerek. “Aşgabat — 2017” oýunlarynyň maksatnamasynda sportuň 21 görnüşi boýunça ýaryşlar geçirildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň teklibi bilen 19 görnüşe goşmaça hökmünde sportuň milli göreş we konkur görnüşleri hem girizildi. Munuň özi türkmen göreşini, atly sporty dünýä giňişliginde ilerletmekde taryhy ädim boldy.

Aşgabat Aziadasyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde 2016-2017-nji ýyllarda Olimpiýa şäherçesinde synag ýaryşlary — sambo, türkmen milli göreşi we guşakly göreş, jiu-jitsu boýunça Aziýa çempionatlary, tennis, ýeňil atletika, basketbol we suwda ýüzmek boýunça halkara ýaryşlar guraldy. Şol ýaryşlaryň ählisinde ýurdumyzyň ýygyndysy toparlaryň arasynda birinji orny eýeledi. Türkmenistan bu abraýly oýunlary üstünlikli geçirip, ýokary halkara derejedäki ýaryşlary geçirmäge ukyply sport ýurdy hökmündäki abraýyny pugtalandyrdy.

2018-nji ýylda geçirilen we ýurdumyzyň hem-de dünýä sportunyň taryhynda täze sahypalary açan “Amul — Hazar” halkara awtorallisi hem-de Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty Türkmenistanyň sport abraýynyň has-da belende galmagyna ýardam berdi. Şeýle-de Aşgabatda 2023-nji ýylda Kuraş boýunça 14-nji dünýä çempionaty, 12 ýaşa çenli türgenleriň arasynda tennis boýunça Merkezi Aziýanyň toparlaýyn birinjiligi geçirildi. Şu ýylyň aprelinde bolsa paýtagtymyzda hokkeý boýunça halkara ýaryş üstünlikli geçirildi. Oňa GDA döwletleriniň we beýleki ýurtlaryň toparlary gatnaşdylar. Şunuň bilen birlikde, Diýarymyzda sport ulgamyny ösdürmek, köpugurly infrastrukturany döretmek boýunça giň möçberli işler dowam etdirilýär. 2012-nji ýylda Olimpiýa şäherçesiniň ýanynda sport ugurly ýokary okuw mekdebiniň hem-de Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň täze binalarynyň açylmagy paýtagtymyzyň gaýtalanmajak binagärlik keşbi bilen sazlaşykly utgaşdy. Şol ýyl Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi (häzirki Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti) döredildi. 2020-nji ýylda ministrligiň edara binasy, şeýle hem Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportuň Olimpiýa görnüşleri fakultetiniň binasy dabaraly ýagdaýda açyldy.

Sport halkara hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolmagynda galýar. Türgenler bolsa parahatçylygyň ilçileri hökmünde ykrar edilýär. Olar öz ussatlyklary, ýeňşe bolan erk-islegleri bilen ýokary hoşniýetlilik taglymlaryny berkarar edýärler. Hut şonuň üçin-de ussat türgenleriň, tälimçileriň, beýleki ugurdaş hünärmenleriň taýýarlanylmagy “Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamak hem-de ösdürmek boýunça Milli maksatnamanyň” möhüm ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. Ýurdumyzda ýokary derejeli türgenleri taýýarlamak boýunça uly işler alnyp barylýar. Türgenlerimiz dünýäniň iri sport ýaryşlarynda döwletimize mynasyp wekilçilik edýärler, türkmen sportuny täze ýokary derejelere çykarýarlar, Watanymyzyň sport abraýynyň has-da belende galmagyna aýratyn goşant goşýarlar. Ýaş zehinli türgenlerimiz halkara ýaryşlarda dürli derejeli köp sanly medallara mynasyp bolýarlar. Şolaryň hatarynda 2021-nji ýylda Tokioda geçirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda agyr atletika boýunça zenanlaryň arasyndaky ýaryşda gazanylan kümüş medal hem bar. Bularyň ählisi halkara talaplara laýyk gelýän milli sport ulgamynyň döredilendigine şaýatlyk edýär.

Halkara sport hyzmatdaşlygynyň çäklerinde Halkara Olimpiýa Komiteti, BMG-niň Ösüşiň we parahatçylygyň bähbidine sport boýunça halkara býurosy, BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO), Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komiteti, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi bilen gatnaşyklar ýylsaýyn giňeldilýär. Sagdynlygyň, ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edilen Türkmenistan adam mümkinçilikleriniň doly derejede açylmagy üçin şertleri döretmäge gönükdirilen Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilmegini Olimpiýa hereketiniň taglymlary bilen utgaşdyryp, bu möhüm işe ýokary ynsanperwerlik mazmunyny çaýýar. Türkmenistanyň 2023 — 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzalygyna biragyzdan saýlanylmagy ýurdumyzyň sport diplomatiýasynyň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky güwäsi boldy. Mälim bolşy ýaly, bu komitet 1978-nji ýylda sportuň ornuny we ähmiýetini pugtalandyrmak hem-de ony döwlet syýasatyna girizmek maksady bilen döredildi.

Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 3-nji iýunyň “Bütindünýä welosiped güni” diýlip yglan edilmegi, şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi ýurdumyzyň sporty ösdürmekde, bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ilerletmekde gazanýan üstünlikleriniň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilýändigini alamatlandyrýar. 2018-nji ýylda Aşgabatda welosiped sporty boýunça iň köpçülikleýin tälim beriş sapagy geçirildi we ol dünýä rekordy hökmünde hasaba alyndy. Şondan bir ýyl soňra bolsa paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesinde 2019 adamyň gatnaşmagynda iň dowamly, bir nyzamly welosipedli ýöriş geçirildi. Ol hem Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Şeýle hem 2020-nji ýylda Aşgabatda “Welosiped” binasy açyldy.

Şu ýyl hem Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişi guramak, 31-nji maý — 3-nji iýun aralygynda ýurdumyzyň welosport boýunça ýygyndy toparynyň türgenleriniň gatnaşmagynda ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Tejen — Aşgabat böleginiň ugry bilen uzynlygy 335 kilometr aralyga welosipedli ýörişi, Olimpiýa şäherçesiniň Welotrek sport toplumynda 27-nji maý — 3-nji iýun aralygynda “Siz bilen sportda gadamlar batly,//Ak geljege ýörelgämiz, Arkadag!” atly welotrek boýunça Türkmenistanyň birinjiligini geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu çäreleriň ählisi, şeýle-de Olimpiýa hereketiniň ýokary maksatlaryna we ynsanperwer taglymlaryna laýyk gelýän halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler Türkmenistanyň hem-de “Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri” diýlip ykrar edilen ak mermerli Aşgabadyň sport abraýyny has-da belende galdyrmaga ýardam berer.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi