12-nji iýunda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň geçen bäş aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 10-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de bu ugurda işleri has-da ilerletmegiň anyk ýollary kesgitlenildi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow hasabat ýygnagyny açyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň nebitgaz senagatynyň işgärlerine uly ynam bildirmek bilen, ulgamyň işini kämilleşdirmekde we döwrüň gazananlary esasynda yzygiderli ösdürmekde ähli mümkinçilikleri döredip berýändigini, onuň durnukly we netijeli işini gazanmakda önümçilik kuwwatlyklarynyň döwrebaplaşdyrylýandygyny, kämil tehnikalaryň we enjamlaryň, innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylýandygyny, şonuň netijesinde bolsa pudagyň öňünde belent wezipeleriň kesgitlenendigini belledi.
Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew, «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy Guwanç Agajanow, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy Merdan Rozyýew, «Türkmen milli nebitgaz kompaniýasy» ÝGPJ-niň baş direktory Maksat Pirliýew hem-de toplumyň birleşikleriniň, müdirlikleriniň, edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we öňde durýan wezipeler barada hasabat bilen çykyş etdiler.
Hasabat ýygnagynda ýurdumyzda nebit we gaz kondensatyny, suwuklandyrylan gazy çykarmak, milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, daşary ýurtlaryň iri nebitgaz kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek, sanly ulgamyň mümkinçiliklerini toplumyň işinde giňden ulanmak, «Galkynyş» gaz käninde tapgyrlaýyn alnyp barylýan işleri güýçlendirmek, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyny elmydama üns merkezinde saklamak, howanyň yssy günlerinde hojalyklary, önümçilik desgalaryny we beýleki kuwwatlyklary tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek we beýleki wajyp ugurlar boýunça çykyşlara giň orun berildi.
Hasabat ýygnagynda wise-premýer Batyr Amanow ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda meýilleşdirilýän we alnyp barylýan iri taslamalary elmydama gözegçilikde saklamagyň, pudagyň işine häzirki zaman tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagyň, önümçilik, ösüş meýilnamalarynyň talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini belläp, «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň, «Türkmen milli nebitgaz kompaniýasy» ÝGPJ-niň işgärlerine nebitgaz senagatyny ösdürmekde öňde goýlan wezipeleri netijeli çözmekde zähmet üstünliklerini arzuw etdi.
Hasabat ýygnagyna Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi A.Begliýew gatnaşdy.