Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Hökümet mejlisinde 2023-nji ýylyň ýanwar-maý aýlarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi
13.06.2023

Geçen şenbe güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde şu ýylyň bäş aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna garaldy we döwlet durmuşynyň käbir meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri, nebiti gaz kondensaty bilen çykarmak, çalgy ýaglaryny öndürmek boýunça gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler barada hasabat berdi.

“Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebit bilen üpjün etmegiň meýilnamasy 101,7 göterim, nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 102,6 göterim, benzin öndürmegiň meýilnamasy 111,9 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 107,5 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 110,5 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasy 113,6 göterim ýerine ýetirildi. 

Hasabat döwründe tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 107,4 göterim ýerine ýetirildi, “mawy ýangyjy” eksport etmegiň meýilnamasy 109,9 göterim berjaý edildi.

Prezident hasabaty diňläp, wise-premýere nebitgaz pudagynyň önümçilik kärhanalaryny taslama kuwwatlyklaryna çykarmak hem-de bu pudagyň meýilnamalaýyn işleriniň ýerine ýetirilişini gözegçilikde saklamak babatda anyk tabşyryklary berdi.