Geçen şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Bütindünýä metan borçnamasyna goşulmagyny öwrenmek meselesine gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça 2023-2024-nji ýyllar üçin “Ýol kartasynyň” taslamasy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň durmuşa geçirilmeginde daşky gurşawy goramak hem-de howanyň üýtgemegine garşy göreşmek ulgamyndaky ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga aýratyn üns berilýär. Öz üstüne alan halkara borçnamalarynyň, şol sanda zyňyndy gazlaryň möçberini azaltmak boýunça, hususan-da, Pariž ylalaşygyndan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilmegine ygrarly bolmak bilen, Türkmenistan bu ugurda öňde goýlan wezipeleriň çözgüdine jogapkärçilikli çemeleşýär.
Dünýä bileleşigi ýurdumyzyň oňyn başlangyçlaryny, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň Glazgo şäherinde geçirilen 26-njy mejlisiniň barşynda öňe süren tekliplerini goldaýar. Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistanda “ýaşyl” ykdysadyýete geçmek ugrunda anyk çäreler görülýär. Muňa Türkmenistanyň wodorod energiýasy babatda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça 2022-2023-nji ýyllar üçin “Ýol kartasynyň” tassyklanylmagy, döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin howanyň üýtgemegi boýunça tehnologiýalaryň sebit merkezini açmagyň meýilleşdirilmegi hem şaýatlyk edýär.
Ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň bilelikde işläp taýýarlan ýokarda agzalan “Ýol kartasynyň” taslamasynda degişli çäreler toplumy göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, Prezidentiň garamagyna birnäçe teklipler, şol sanda Bütindünýä metan borçnamasy barada habardarlygy ýokarlandyrmak maksady bilen, halkara düzümleriň gatnaşmagynda okuw maslahatlaryny we “tegelek stol” duşuşyklaryny geçirmek, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen metan zyňyndylaryny azaltmak babatda synag taslamalaryny işläp düzmekde hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça teklipler hödürlenildi.
Şeýle hem ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işgärleri üçin Bütindünýä metan borçnamasyny durmuşa geçirmäge gatnaşýan dünýäniň öňdebaryjy ylmy-barlag merkezlerinde, kompaniýalarynda iş tejribeliklerini guramak teklip edilýär. Mundan başga-da, Metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça halkara obserwatoriýa (IMEO), BMG-niň Daşky gurşawy goramak boýunça maksatnamasy bilen bilelikde ylmy barlaglary, degişli milli kanunçylygy kämilleşdirmek maksady bilen, okuw maslahatlaryny geçirmek boýunça teklipler beýan edildi.
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň ekologiýa, şol sanda howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak hem-de onuň täsirlerini azaltmak ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk meselelerinde üýtgewsiz işjeň orny eýeleýändigini nygtady. Bu ulgamda öňde goýlan wezipeleri çözmek maksady bilen, ýurdumyzda ähli pudaklara ekologik taýdan arassa, serişde tygşytlaýjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna gönükdirilen “ýaşyl” ykdysadyýete geçmek strategiýasy amala aşyrylýar.
Döwlet Baştutany şular barada aýtmak bilen, milli derejede howanyň üýtgemegi boýunça Pariž ylalaşygynyň ýerine ýetirilmegini, şeýle hem Türkmenistanyň Bütindünýä metan borçnamasyna goşulmagy baradaky meseläni öwrenmek, bu ulgamda halkara guramalar we iri daşary ýurt kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça çäreler toplumynyň geçirilmegi göz öňünde tutulýan “Ýol kartasynyň” hödürlenen taslamasyny makullady.