Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan we Türkiýe bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşygy tassyklaýan Kanuna gol çekdi. Kanunyň teksti şu gün resmi türkmen metbugatynda çap edildi.
Türkmenbaşy şäherinde 2022-nji ýylyň 14-nji dekabrynda Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň Hökümetleriniň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda gol çekilen Ylalaşygy tassyklamaly» diýlip, Kanunda aýdylýar.
Resminama Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň döwlet baştutanlarynyň geçen ýylyň dekabrynda Türkmenbaşy şäherinde geçen üç taraplaýyn sammitiniň barşynda teklip edilipdi. Ol üç dostlukly ýurduň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegini göz öňünde tutýar.
Geçen hepdede Türkmenistanyň Mejlisi söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda bu üçtaraplaýyn resminamany tassyklapdy.
Üç taraplaýyn ylalaşyk dürli ugurlarda sebitleýin hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin wajyp ähmiýete eýedir we ýurtlaryň özara gatnaşygy giňeltmäge bolan ikitaraplaýyn islegini beýan edýär.