Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Ylymlar gününiň öň ýanynda maslahat geçirildi
09.06.2023

Ýurdumyzda 12-nji iýunda giňden bellenilýän Ylymlar gününiň öňüsyrasynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde «Halkara nebitgaz pudagynda türkmen ylmynyň orny» atly tema boýunça maslahat geçirildi.

Çärä ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlar we talyplar düzümi gatnaşdy. Uniwersitetiň Balkan welaýatynda ýerleşen şahamçasynyň mugallymlary we diňleýjileri maslahata wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly goşuldylar.

Maslahatyň barşynda mugallymlar we talyplar ylmy-barlag işleriniň netijeleri, şeýle hem ylmy dürli ugurlary boýunça daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlygyň geljegi barada çykyş etdiler.

Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, Türkmenistanda ylmy barlaglaryň binýadyny berkitmek hem-de öňdebaryjy tehnologiýalaryň we düýpli nazary bilimleriň esasynda sanly ykdysadyýeti döretmek boýunça toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär. Mundan başga-da, ýokary hünär taýýarlykly, oýlap tapyjylygy bilen tapawutlanýan hünärmenleri ýetişdirmäge we zehinli talyplaryň ylma höwesini artdyrmakda uly işler alnyp barylýar.

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti üstünlikli ylmy işjeňligiň aýdyň mysaly bolup durýar. Bu ýerde 2023-nji ýylyň fewral aýynda ilkinji gezek «Tebigy gazdan wodorod energiýasyny almagyň ylmy-tehniki mümkinçilikleri» aly halkara maslahat geçirildi.

Ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary ylmy hem-de taslama işleri barada yzygiderli makalalary çap edýärler. Şu ýylyň başyndan bäri geçen bäş aýda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlarynyň we talyplarynyň awtorlygynda daşary ýurtlaryň we Diýarymyzyň žurnallarynda 240-dan gowrak materiallar çap edildi.