«Galkynyş» käninde 4 müň 665 metr çuňlukda burawlanan № 271 täze ulanyş gaz guýusyndan tebigy gazyň senagat akymy alyndy. «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň gazçylary üstünlikli buraw işlerini geçirdiler.
Tebigy gaz akymy 4518-den 4333 metre çenli aralykda alyndy, plastyň umumy uzynlygy 105 metre barabar boldy.
— Buraw işleriniň üstünlikli geçirilmeginde, gurluşygyň öz wagtynda tamamlanmagynda we täze guýynyň ulanyşa girizilmeginde döwlet tarapyndan satyn alynýan öňdebaryjy tehnikalara, ýokary hilli tehnologiki enjamlara möhüm orun degişlidir. Bu enjamlaryň bolmagy ýerine ýetirilýän işleriň hilini, guýularyň uzak wagtlap ulanylmagyny şertlendirýär — diýip, «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň baş geology Muhammet Saparmyradow aýtdy.
Baş geologyň bellemegine görä, bu gaz guýusyny burawlamakda we gurmakda Ýaponiýanyň «Sumitomo» kompaniýasynyň sorujy-kompressor turbalary, fontan armaturalary, kolonnalaryň ýokary bölekleri ulanyldy. Bu enjamlar «Galkynyş» gaz käniniň geologiýa-tehnologiýa häsiýetnamalaryna laýyk gelýär.
Häzirki wagtda müdirligiň gazçylary «Galkynyş» käniniň çäginde ýerleşen beýleki gaz guýularynda hem buraw işlerini geçirýärler.