Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň hyzmatdaşlygyny berkitmegiň ileri tutulýan meseleleri maslahatlaşyldy
07.06.2023

Türkmenistanyň Daşary işler ministri, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-Ýapon komitetiniň başlygy Raşid Meredowyň Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Ýapon-Türkmen komitetiniň başlygy, «Itochu Corporation» kompaniýasynyň dolandyryjy direktory Hiroýuki Tsubaý bilen wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Taraplar döwletara gepleşikleri ösdürmekde iň ýokary we ýokary derejedäki gatnaşyklaryň ornuny belläp, 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýa eden saparynyň aýratyn ähmiýetini bellediler.

Duşuşykda geçen ýylyň dekabrynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon we ýapon-türkmen komitetleriniň 14-nji mejlisiniň üstünlikli geçirilmegine hem-de möhüm resminamalaryň gol çekilmegine ünsi çekildi.

Şunuň bilen baglylykda, komitetleriň başlyklary ykdysady hyzmatdaşlyk komitetleriň bilelikdäki mejlisiniň teswirnamasynda görkezilen taslamalaryň durmuşa geçirilişiniň gidişini jikme-jik gözden geçirdiler.

Munuň bilen birlikde, infrastruktura pudagyndaky hyzmatdaşlygyň “Ýol kartasynyň” öňdebaryjy pikirler we degişli taslamalar bilen baýlaşdyrylmagyna aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar öňde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilişine yzygiderli gözegçilik etmek we ozal gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmek boýunça maksatly işleri geçirmek barada ylalaşdylar.