Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Halk maslahaty ― halkyň eşreti
14.08.2024

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe toýlary toýa, üstünlikleri üstünliklere sepleşip, bagtyýarlyk hem ösüş ýolunyň özboluşly milli sazlaşygyna guwanyp ýaşaýan halkymyz häzirki wagtda taryhy pursatlaryň bosagasynda dur. Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan beýik maksatnamaly rowana işleriniň ählisinde türkmen halkynyň, bagtly geljeginiň aladasy durýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri döwlet baştutanlygyna geçen ilkinji günlerinden başlap, ýurdumyzyň ähli ulgamlaryny kämilleşdirmeklige, häzirki zamanyň ösen talaplaryna we dünýä ülňilerine laýyk getirmeklige uly üns berdi. Bu günki günde ähli ulgamlarda amal edilen işleriň derejesi asyrlar bilen ölçärden beýikdir. Çünki ähli ulgamlarda durmuşa geçirilýän işleriň esasy aýratynlygy onuň milliliginden, tutuş türkmen halkynyň isleg-arzuwyndan gözbaş alýanlygyndan ybaratdyr. Bu zamananyň gujagynda ýaşamagam, ata Watanmyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna zähmet çekmegem bagtyýarlykdyr. Şeýle bagtyýarlygy eçilýän döwrümiz juda beýikdir. Şat raýatlarymyzyň ruhy galkynýan ýurtda durmuşymyz bagtyýarlyga beslenýär. Biziň döwletimiziň berkararlygyny, halkymyzyň abadan durmuşyny kepillendirýän Milli Liderimiz ― Gahryman Arkadagymyz bar. Arkadagyň ýoly ― halkyň ýoly. Halkymyzyň arzuwy bolsa şol ýol bilen mähriban Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz bilen ýene-de öňe gitmekdir. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan jemgyýetçilik durmuşynda görlüp-eşidilmedik üstünlikleri gazanmak ugrundaky aýdyň ýola düşüp, syýasy durnuklylyga, ruhy we medeni ösüşe ynamly gadam basdy. Türkmenistan ylym-bilim pudaklarynda, saglygy goraýyşda,  ykdysadyýetde, medeniýetde, sungatda, durmuş üpjünçiliginde, hukuk we kanunçylyk ulgamlarynda uly-uly üstünliklere we rowaçlyklara eýe boldy. Bu günki günde durmuşa geçirilýän beýik tutumlara özboluşly ylham siňýär. Bu ylhamyň akaba gory Gahryman Arkadagymyzyň ösüşlerimizi has-da pugtalandyran göreldesinde jemlenendir. Watanymyzyň ösüşini bolsa Gahryman Arkadagymyzyň pähim-parasadynda, Garaşsyzlygymyzyň mukaddes nyşany bolan ýaşyl Tugumyzyň parlak ýalkymynda, erkana hem merdana milletimiziň çekýän halal zähmetiniň dünýä derejeli beýik ýeňişlerinde aýdyň görmek bolýar. Çünki Esasy Kanunymyzyň ýörelgeleri we düzgünleri, türkmen halkynyň döwlet gurmak barada döreden, eýýamlarynyň synagynda taplanyp, sungat eseri kimin kämilleşen nusgawy däpleri özünde jemleýär.

Biz milli demokratiýanyň dabaralanýan zamanasynda ýaşaýarys. Şeýle taryhy döwürde ýurdumyzda gazanylan belent sepgitler, Gahryman Arkadagymyzyň köňül maksadyndan dörän beýik işleriň jemidir. Şol beýik işleriň, maksatly tutumlaryň hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda dowam etdirilmegi halkymyzyň durmuş şertlerini öňküden-de ýokarlandyrar.

Üçünji müňýyllykda täze taryhy eýýamyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy diýlip atlandyrylan ajaýyp döwrüni esaslandyryjy, zamanabap özgertmeleriň ruhlandyryjysy Milli Liderimiz halkymyzy baky bagta, döwletli döwrana ýetirdi. Bu günki gün ata-babalarymyzdan miras galan döwletlilik ýörelgelerine ygrarly agzybir halkymyz hak Howandarynyň ― Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz ― Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna mäkäm jebisleşip, beýik geljegini gurýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň barha belende galýan halkara abraýyny, gazanýan uly üstünliklerini bu gün tutuş dünýä jemgyýetçiligi ykrar edýär. Munuň özi zamanamyzyň beýik ogly hormatly Prezidentimiziň Watana bolan egsilmez söýgüsiniň, ony gülledip ösdürmek babatdaky tükeniksiz yhlas-aladalarynyň ajaýyp miwesidir.

Üstümizdäki 2024-nji «Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatyna uly taýýarlyk görülýär bu babatda halkymyzda «Halkyň islegi — Hakyň islegi» diýen pähim hem bar. Şu pähimden ugur alyp,biz —«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary hem maslahatyň işine tüýs ýürekden üstünlikleri arzuw edýäris!

Halkyna şeýle ajaýyp zamanany peşgeş beren, türkmeniň adyny arşa göteren hormatly Prezidentimize alkyşymyz egsilmezdir. Bu döwür halkymyzyň öz hak Howandarynyň — Gahryman Arkadagynyň daşyna mäkäm jebisleşen zamanasydyr!

«Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir» diýip gije-gündiz halkynyň eşretli ýaşamagy üçin uly işleri alyp barýan Hormatly Prezidentimiziň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, başlary dik, umumadamzat bähbitli dowam edýän, döwletli işleri rowaç bolsun!

Araz Arazow,

“Türkmennebit” döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň ylmy-tehniki ösüş bölüminiň müdiri.