Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we jemgyýetçilik durmuşynda möhüm waka boldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen bu taryhy mejlisde döwletimiziň mundan beýläk-de durnukly ösüşini üpjün etmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlisiň dowamynda Gahryman Arkadagymyz we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünliklerine ýokary baha berip, geljekki döwürde öňde durýan esasy wezipeleri kesgitlediler. Çykyşlarda döwletimiziň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmakda, senagatlaşma syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmekde, täze önümçilik kuwwatlyklaryny döretmekde hem-de eksport mümkinçiliklerini giňeltmekde möhüm ähmiýete eýe bolan pudaklaryň biri hökmünde nebitgaz toplumynyň aýratyn orny nygtaldy.
Gahryman Arkadagymyz öz çykyşynda Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň uly ösüş ýoluny geçendigini, ýurdumyzyň dünýäniň abraýly we kuwwatly döwletleriniň hataryna goşulandygyny belledi. Şol ösüşleriň esasy ugurlarynyň biri hem baý tebigy serişdeleri netijeli peýdalanmak, ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmak we milli ykdysadyýetiň köpugurly ösüşini üpjün etmek bilen baglanyşyklydyr.
Türkmenistanyň nebitgaz toplumy häzirki döwürde diňe bir ykdysadyýetiň esasy sütünleriniň biri bolman, eýsem, ýurdumyzyň halkara derejesindäki ornuny pugtalandyrýan möhüm strategik ugur hökmünde çykyş edýär. Döwlet tarapyndan alnyp barylýan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde täze nebitgaz ýataklary özleşdirilýär, uglewodorod serişdelerini çykarmak we gaýtadan işlemek boýunça döwrebap önümçilikler döredilýär, halkara energetika taslamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Mejlisiň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasy pudagyň uzak möhletleýin ösüşiniň esasy ugurlaryny kesgitleýär. Bu maksatnama nebit we gaz önümçiliginiň möçberlerini artdyrmaga, gaýtadan işleýän önümçilikleri ösdürmäge, eksport ugurlaryny giňeltmäge hem-de ýurdumyzyň energetika ulgamynyň halkara derejesindäki bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çykyşynda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny dünýäniň öňdebaryjy tejribeleri esasynda ösdürmegiň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny aýratyn belledi. Döwlet Baştutanymyz täze ýataklaryň özleşdirilmegi, gaz we nebit önümleriniň öndürilişiniň artdyrylmagy, halkara taslamalaryň durmuşa geçirilmegi arkaly Türkmenistanyň dünýä energetika bazaryndaky ornuny has-da berkitjekdigini nygtady.
Bu ugurda «Galkynyş» gaz käniniň tapgyrlaýyn özleşdirilmegi aýratyn ähmiýete eýedir. Dünýäniň iri gaz känleriniň biri bolan bu ýatagyň ösdürilmegi ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge, täze iş orunlaryny döretmäge we energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge uly goşant goşýar. Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda bu gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyryna badalga berilmegi Türkmenistanyň energetika ulgamynyň geljekki ösüşlerinde möhüm ädim hökmünde çykyş edýär.
Şeýle hem halkara ähmiýetli Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi ýaly iri taslamalar ýurdumyzyň energetika strategiýasynyň möhüm bölegi bolup durýar. Bu taslamalar diňe bir Türkmenistanyň ykdysady mümkinçiliklerini giňeltmek bilen çäklenmän, eýsem, sebitde durnukly ösüşe we dost-doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna hyzmat edýär.
Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen taryhy çözgütler, öňe sürlen täze maksatlar ýurdumyzyň ähli pudaklary bilen bir hatarda nebitgaz toplumynyň işgärleriniň öňünde hem uly wezipeleri goýýar. Häzirki döwürde pudagyň hünärmenleri önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak, täzeçil tehnologiýalary ornaşdyrmak, zähmet öndürijiligini artdyrmak we Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny has-da berkitmek ugrunda yhlasly zähmet çekýärler.
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň işgärleri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasatynyň netijesinde döredilen giň mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, ýurdumyzyň ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ähli güýçlerini gaýgyrmazlar. Olar Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen taryhy çözgütleriň we döwlet Baştutanymyz tarapyndan başy başlanan milli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşmagy özleriniň mukaddes borjy hasaplaýarlar.
Şu ajaýyp pursatda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň işgärleri türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň üstünlikli geçirilmegi hem-de eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýarlar.
Goý, Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, döwletli işlerinde uly üstünlikler hem-de halkymyzyň bagtyýar geljeginiň hatyrasyna alyp barýan ähli asylly başlangyçlarynda täze ýeňişler ýar bolsun!







