GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Halk Maslahaty — milli ösüşiň we döwlet syýasatynyň möhüm binýady
22.09.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň içeri we daşary syýasaty täze mazmun bilen baýlaşyp, ýurdumyzyň halkara abraýy barha ýokarlanýar. Bu ösüşler türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygy bilen amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň netijesidir.

Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasaty ýurdumyzyň içeri syýasatynyň dowamydyr. Ol milli kanunçylyga, Konstitusiýa, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna hem-de Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalaryna esaslanýar. Döwlet ösüşiniň ähli ugurlarynda kabul edilýän çözgütler halkyň bähbitlerine, parahatçylygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegine gönükdirilýär.

Bu ugurda Türkmenistanyň Halk Maslahaty aýratyn ähmiýete eýedir. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen bu ýokary wekilçilikli edara ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm orun eýeleýär. Halk Maslahatynda döwlet ösüşiniň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar, geljekki ösüş ugurlary boýunça möhüm çözgütler kabul edilýär.

Türkmen halkynyň gadymdan gelýän maslahatlaşmak, geňeşmek däpleri häzirki döwürde täze many-mazmun bilen baýlaşdy. «Maslahat», «geňeş», «mejlis» ýaly düşünjeler halkymyzyň durmuşynda diňe bir milli däp hökmünde däl, eýsem sebit we halkara derejede hyzmatdaşlygyň möhüm guraly hökmünde hem çykyş edýär.

Türkmenistanyň gatnaşmagynda geçirilýän halkara forumlarda, şol sanda Hazar ykdysady forumynda we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň çäklerindäki duşuşyklarda kabul edilýän başlangyçlaryň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldaw tapmagy türkmen maslahat medeniýetiniň halkara derejesindäki ähmiýetini görkezýär.

Her ýyl geçirilýän Halk Maslahatynyň mejlisi ýurdumyzyň syýasy durmuşynda aýratyn waka bolup durýar. Oňa jemgyýetiň dürli gatlaklarynyň wekilleri — ýaşulular, dürli pudaklaryň hünärmenleri, zenanlar we ýaşlar gatnaşyp, ýurduň geljegi bilen bagly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşýarlar.

Halk Maslahatynyň esasy aýratynlygy dürli nesilleriň tejribesiniň we garaýyşlarynyň bir ýere jemlenmeginden ybaratdyr. Ýaşuly nesliň paýhasy, orta nesliň durmuş we zähmet tejribesi, ýaşlaryň täzeçil pikirleri döwlet ösüşiniň möhüm ugurlaryny kesgitlemäge ýardam berýär.

Soňky ýyllarda Halk Maslahatynyň mejlislerinde kabul edilen çözgütler ykdysadyýetiň diwersifikasiýa edilmegine, sanly ulgamyň ösdürilmegine, durmuş ulgamynyň kämilleşdirilmegine, maşgala gymmatlyklarynyň goralmagyna we ýaşlar üçin täze mümkinçilikleriň döredilmegine gönükdirildi.

Ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli özgertmeler paýtagtymyz Aşgabatda, Arkadag şäherinde, welaýat merkezlerinde we täze döwrebap ýaşaýyş toplumlarynda, senagat desgalarynda, bilim we ylym ulgamynda öz beýanyny tapýar. Halk Maslahatynyň mejlislerinde orta we uzak möhletli ösüş maksatnamalarynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy geljekki üstünlikleriň berk binýadyny döredýär.

«Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgäniň durmuşa geçirilmeginde Halk Maslahaty möhüm orun eýeleýär. Bu edara döwlet bilen jemgyýetiň arasyndaky sazlaşygy pugtalandyrmaga, halkyň erk-islegini beýan etmäge we ýurdumyzyň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemäge hyzmat edýär.

Halk Maslahaty halkymyzyň Watana bolan söýgüsini, zähmete bolan höwesini we geljege bolan ynamyny has-da güýçlendirýän möhüm jemgyýetçilik-syýasy meýdança öwrüldi. Ol Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we döredijilik ýörelgelerine esaslanýan ösüş ýoluny dowam etdirmäge uly goşant goşýar.

Halk Maslahaty milli däpler bilen häzirki zaman döwlet dolandyryş ýörelgelerini utgaşdyrýan, halkyň jebisligini we döwletimiziň ösüş maksatlaryny üpjün edýän ygtybarly ýol bolup durýar.

Perman Myradow,

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň Tehniki önümçilik bölüminiň başlygy