Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Bagtyýar ýaşlar Watanyň geljegi
07.08.2024

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe kämil nesilleri kemala getirmekde alnyp barylýan işler dünýä nusgalykdyr. Ýaşlary watansöýüji, zähmetsöýer, milli däp-dessurlarymyza ygrarly, ýokary derejeli ylym-bilimli hünärmenler edip terbiýeläp ýetişdirmek esasy ýörelgelerimiziň biridir. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň barha gülläp ösmeginde, Watanymyzyň şan-şöhratynyň, at-abraýynyň has-da belent derejelere göterilmeginde bagtyýar ýaşlaryň mynasyp paýy bar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary netijesinde, ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi röwşen geljegiň eýeleri bolan ýaşlaryň kämil bilim almagyna, döredijilikli zähmet çekmegine, ata Watanymyza ak ýürekden gulluk etmegine uly mümkinçilikleri döredýär. 

Ýaşlarda röwşen geljegi görýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jaýdar belleýşi ýaly, ata Watanymyzda kämil, giň gözýetimli, maksada okgunly, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, ýokary hünär taýýarlygy bolan ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek üçin ähli tagallalar edilýär. Munuň özi ýaşlara bildirilýän uly ynamyň, çäksiz hormatyň we olar barada edilýän aladanyň aýdyň nyşanydyr. Mekdep okuwçylarydyr talyp ýaşlaryň ýurdumyzyň çäginde we halkara derejesindäki dürli ders bäsleşiklerine gatnaşyp, gazanýan guwandyryjy netijeleri gülläp ösýän Watanymyzda ýaşlar syýasatynyň dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. 

Bilimiň many-mazmunyny baýlaşdyrmak, hilini dünýä derejesine laýyk getirmek maksady bilen, ýurdumyzda sanly bilim ulgamy ýokary depginde ösdürilýär. Bu ulgamda ylmyň iň soňky gazananlary we okatmagyň innowasion usullary giňden ornaşdyrylýar. Ýaşlaryň döwrebap hünärleri ele almaklary, nazary bilimlerini kämilleşdirmekleri, iş başarnyklaryny ýokarlandyrmaklary, sanly tehnologiýalary öwrenmekleri üçin ýokary derejeli şertleri döretmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde garalýar.

Häzirki ajaýyp döwrümizde kämil tehnologiýalardan baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamakda köpsanly işleriň durmuşa geçirilmegi sanly ykdysadyýeti ösdürmekde döwrebap tehnologiýalardan baş çykarýan ýaşlaryň kemala gelmegine ýol açdy. Bu bolsa döwletimiziň at-abraýyny, syýasy-ykdysady ösüşlerini has-da ýokarlandyrmakda ýaşlaryň ornunyň pugtalanmagyna getirdi. Şonuň üçin hem häzirki wagtda ýurdumyzda  bilim bermegiň möhüm ugurlary, döwrebap usullary ylmy esasda öwrenilýär we işjeň durmuşa ornaşdyrylýar. 

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda ýaşlaryň bilim almaklary, zähmet çekmekleri, parahat durmuşda ýaşamaklary üçin ähli şertleri döredýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun. 

Ýazgül Täşliýewa,

“Türkmennebit” Döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.