Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Täze döwrebap beket halkymyzyň hyzmatynda
30.07.2024

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly, öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasatynyň netijeside, milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryda ägirt uly üstünlikler gazanylýar. Ýurdumyz sebitde energetika, ulag we kommunikasiýa ulgamlaryda giň gerimli taslamalary durmuşa geçirmek boýuça netijeli işleri geçirýär. Häzirki döwürde Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan halkara gaz geçirijisiniň hem-de beýleki möhüm taslamalaryň, hususa-da, energetika we aragatnaşyk, ulag-kommunikasiýa ulgamlaryaky taslamalaryň amala aşyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Düýpli özgertmeler ýoly bilen bazar ykdysady gatnaşyklaryny işjeňleşdirýän Türkmenistan ösüşiň täze tapgyryna gadam goýdy. Bu tapgyr ýurdumyzyň halk hojalygynyň pudaklaryny sazlaşykly ösdürmegiň we giň möçberli özgertmeleri amala aşyrmagyň mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdirilmegi bilen şertlendiriledir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň her bir ulgamy kämilleşdirmek, ony dünýä derejeside çykarmak babatynda öňümizde goýýan anyk meselelerini, esasan nebitgaz toplumynyň öňünde duran wezipeleri, ýagny ýurdumyzyň iri gazhimiýa we nebithimiýa pudaklaryny ösdürmek, şeýle hem şol pudaklar bilen bagly senagat we hyzmat edýän önümçilikleri döretmekligi üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň güýçli depginler bilen ösmeginde nebitgaz toplumyna hem esasy orun degişlidir. «Türkmennebit» döwlet konserniniň garamagydaky Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyda öndürilýän we dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýokary hilli awtobenzi, dizel ýangygy we harytlyk ýaglar «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň garamagydaky awtomobillere ýangyç guýuş beketleridern içki bazara, ýagny ilata we edara-kärhanalara gije-gündiziň dowamyda bökdençsiz ýerlenilýär hem-de şol bir wagtyň özünde bu nebit önümleri daşary bazarlarda uly isleg bildirilýän we eksport edilýän harytlar bolup durýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüde Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ähli pudaklarymyzda ösüşler gazanylýar we ýurdumyzyň abraýy dünýä möçberiern has belerde göterilýär. Oba-şäherleriizi gözelleşdirmekde, ägirt hem ajaýyp desgalary gurmakda alnyp barylýan uly tutumlar halkyň ýaşaýyş-durmuşyny gowulandyrmaklyga, eziz Diýarymyzy dünýäniň iň ösen döwletleriniň hataryna goşmaklyga gönükdirilendir. Ýurdumyzda her bir raýatyň yhlasly we halal zähmet çekmäge, ylym-bilimli bolmaga, okamaga, döretmäge, dynç almaga, ýaşamaga ähli mümkinçilikleriň barlygy, şeýle hem döwletimizde alnyp barylýan giň gerimli gurluşyklar, dünýäniň iň kämil tehnikalary, tehnologiýalary, enjamlary bilen üpjün edilen kärhanalarda öndürilýän ýokary hilli önümler, durmuşyň dürli ugurlaryda edilýän ýokary derejeli hyzmatlar we beýleki üstünliklerimiz bizi has hem buýsandyrýar.

Geçen«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyda» ata Watanymyzyň her bir güni taryhy ähmiýetli wakalara, toý-dabaralara besi. Ine, Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň gününe bagyşlanan baýramçylyk günüde, Aşgabat şäheriniň Berkarlyk etrabynyň Altyn suw köçesiniň ugruya «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň Aşgabatdaky awtomobillere ýangyç guýuş beketler müdirliginiň garamagydaky täze döwrebap 241 belgili Awtomobillere ýangyç guýuş bekediniň açylyş dabarasy geçirildi. «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň garamagydaky Hojalyk hasaplaşygydaky abatlaýyş-gurluşyk müdirliginiň ezber gurluşykçylary düýpli gurluşyk işlerini geçirip, häzirki döwrüň talaplarana laýyk gelýän döwrebap bekedi gurup, gysga wagtda ulanyşa tabşyrdylar. Bu bekediň bir gije gündiziň dowamuya 1500 sany awtoulaga hyzmat etmäge we ilata ýokary hilli awtomobil beniň A-95, A-92 we A-80 görnüşlerini hem-de dizel ýangyyny bökdençsiz hödürlemäge mümkinçiligi bar. Täze beket ýangyn howpsuzlyk kadalaryny berjaý etmeklik üçin häzirki zaman ýörite ýangyn duýduryjylar, ýangyn söndürijiler, ýangyn gidrantlary we beýleki zerur enjamlar bilen enjamlaşdyrylan. Bu beketde işgärleriň zähmet çekmegi we dynç almaklary üçin ähli zerur şertler döredilipdir.

«Türkmenistada 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmegiň çäkleride, täze döwrebap 241 belgili awtomobillere ýangyç guýuş bekedide döwrebap sanly wideo gözegçilik enjamlary hem-de «Merkezi elektron hasabatlaryň ulgamy» hem işe goýberildi. Täze döredilen elektron kompýuter ulgamy merkezleşdirilen maglumatlary binýady bolup, 241 belgili awtomobillere ýangyç guýuş bekedide hasabatlar we seljerişler boýunça alnyp barylýan gündelik işler üçin ulanyljak merkezleşdirilen tehnologiki ulgamdyr. Şeýlelikde bu beketde hasabatlaryň elektron görnüşde iş bukjalary, hasabatlary jemlemek işi başydan soňuna çenli awtomatlaşdyrylan we tapgyrlaýyn barlaglara ukyply bolup, iş bilen baglanyşykly hasabatlaryň döredilmegi, ýagny gündelik, aýlyk, çärýeklik, ýarym ýyllyk, dokuz aýlyk, ýyllyk hasabatlar hem-de awtomobillere ýangyç guýuş beketlerine gelip gowşan ýangygyň hasabatlary, maglumatlary goramak boýunça talaplaryň bolmagy we ulgamlarda ýerleşdirilmegi ýaly merkezleşdirilen ulgamy döredildi. Bu ulgamyň kömegi bilen adam faktory, köp wagtyň hem-de maddy serişdeleriň sarp edilmegi ýaly meseleler kämilleşdirilen täze usullar bilen aradan doly aýryldy.

Ýokarda beýan edilelere laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan paýhasly ykdysady syýasaty ýurduň ägirt uly tebigy baýlyklaryny hem-de ykdysady kuwwatyny Türkmenistanyň halkynyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirmek we ýaşaýyş-durmuş derejesini düýpli ýokarlandyrmak ýörelgeleriern ugur alýar.

Döwlet Baştutanymyzyň öňdengörüjilikli hem-de oýlanyşykly syýasatynyň netijesiern milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösýändigini, ýurdumyzyň dünýä giňişligidäki abraýynyň barha belern galýandygyny hem-de halkara abraýynyň berkeýändigini bellemek bilen, Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirýäris hem-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüde belent maksatlary amala aşyrmagyň bähbidine güýç-gaýratymyzy, bilimlerimizi we tejribelerimizi gaýgyrmajakdygymyza ynandyrýarys.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, dünýäde ata Watanymyzyň abraýyny belende göterýän beýik işleri mudan beýläk hem rowaçlyklara beslensin!

 

Rahym ESENOW,

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň Aşgabatdaky awtomobillere ýangyç guýuş beketleriň müdirliginiň başlygynyň orunbasary