Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Nebitgaz pudagynda ýylylyk çalşyjylary ulanmaklygyň we olary arassalamagyň usullary
26.07.2024

Türkmenistanyň ykdysadyýetini emele getirýän esasy pudaklarynyň biri-de nebit we gaz senagaty bolup durýar. Bu pudak energetika senagaty bilen birlikde, başga-da ugurlaryň tehnologiýalaryny öz içine alýar. Energetika senagaty elektrik we ýylylyk energiýasyny özünde jemleýär. Nebiti çykarmakda elektrik energiýasynyň ulanylyşy äşgärdir. Nebit çykarmakda we onuň önümçiliginde elektrik energiýasyny ulanmaklyk zerur hasaplanýar. Nebit çykarmakda we ony taýýarlap daşamakda ulanylýan enjamlaryň, desgalaryň aglabasy elektrik energiýasy arkaly herekete girizilýär. Nebit pudagynda ulanylýan energetiki tehnologiýalarynyň arasynda ýylylyk energiýasy az ulanylýan bolsa-da, nebit önümçiliginde giňden ulanylýan ýylylyk çalşyjy enjamlar bilen üpjün edilen. 

Energetikanyň bu görnüşiniň pudakda ulanylyşyna salgylanylsa, çig nebiti çykarmagyň we ony taýýarlap, daşamagyň esasy tapgyrlarynda ýylylyk çalşyjylary ulanylýar. Nebit önümçiliginde ulanylýan enjamlara we desgalara, anomalnyý (normadan çykma) basyşlarda we temperaturalarda, agressiw, iki-üç fazaly şertlerde işlemeklik hem-de ölçegleriniň ykjam (kompaktnyý) bolmaklygy talap edilýär. 

Ýylylyk çalşyjy prosesleri dürli görnüşli we gurluşly ýylylyk çalşyjy enjamlarda amala aşyrylýar. Ýylylyk geçiriş usulyna görä, ýylylyk çalşyjylar ýüzleý we kontaktly görnüşlere bölünýär. Ýüzleý enjamlarynda iş gurşaw ýylylyk geçiriji materialdan bolan diwarlaryň üsti bilen ýylylygy çalyşýar, kontaktly enjamlarda ýylylyk iş gurşawlaryň göni biri-birine galtaşmagynda geçýär. 

Kontakt ýylylyk çalşyjylar öz gezeginde iki topara bölünýär. Garyndy we barbotaž diýen garyndy görnüşli enjamlarda gyzdyrylan we az gyzdyrylan ýylylyk göterijiler garylýar we erginleri ýada garyndylary emele getirýärler. Mysal üçin dürli görnüşde gyrgyçlar (skrubberler) girip biler. Barbotaž görnüşli enjamlarda has gyzdyrylan ýylylyk göteriji az garylan massa (ýa-da tersine) bilen garyşmazdan sorulýar.

Hemme ýüzleý ýylylyk çalşyjylar iki ýylylyk göterijilerdir. Olary bölýän gaty diwar ýuwulýar, şeýdip ýylylyk çalyşmak prosesi ýerine ýetirilýär. Bu ýylylyk çalşyjylar rekuperatiw we regeneratiw görnüşlere bölünýär.

Regeneratiw enjamlarynda şol bir ýylylyk göterijiniň üsti gezekli gezeginde bir ýa-da beýleki ýylylyk göteriji arkaly ýuwulýar. Ýyladyş döwründe, ýagny ýylylyk göterijä ýangyç geçende, ýylylyk göterijiniň diwarlary we top, halka hem ş.m. görnüşindäki dykmalar gyzýar, ýylylyk olarda akkumulirlenýär, sowadyş döwründe akýan ikinji ýylylyk göterijä geçirilýär. Diwarlardaky ýylylyk akymynyň ugry wagtal-wagtal üýtgeýär – bu döwürleýin hereket edýän enjamlardyr.

Şeýle gurnamalara mysal hökmünde gazturbinaly enjamlaryň howagyzdyryjylary, howagyzdyryjylarynyň käbir görnüşleri we ş.m. bolup biler.

Rekuperatiw enjamlarynda bir diwary hemişe şol bir ýylylyk göteriji bilen, beýlekisi bolsa, başga ýylylyk göteriji bilen yzygiderli ýuwulýar. Ýylylyk bir göterijiden beýlekisine arasyny bölýän, ýylylyk geçiriji materialdan ýasalan diwar arkaly geçirilýär.

Ýylylyk çalşyjy enjamlar ýylylyk göterijileriň fiziki ýagdaýynda üýtgeşmeleriň barlygyna ýa-da ýoklugyna görä aşakdaky toparlara bölünýär: 

• ýylylyk göterijileriň agregat ýagdaýy üýtgemeýär;

• bir ýylylyk göterijiniň agregat ýagdaýy üýtgeýär;

• ilkinji ýylylyk göterijide buguň kondensasiýasy ýa-da ikinji ýylylyk göterijide suwuklygyň gaýnamasy;

• iki ýylylyk göterijiniň agregat ýagdaýy üýtgeýär.

Ýerine ýetirýän işleri boýunça aşakdakylara bölünýär:

• gyzdyryjylar;

• sowadyjylar;

• bugardyjylar;

• kondensatorlar;

• arassalaýjylar;

• sublimotorlar;

• eredijiler we ş.m.

Ýüzleý görnüşli ýylylyk çalşyjylaryň hemmesi ýylylyk göterijileriň akymlarynyň özara ugruna görä klasifisirlenýär. Ýylylyk göterijileriň hereketi boýunça 4 (dört) sany esasy shemasy we olaryň kombinasiýalary ulanylýar:

Ýylylyk göterijileriň hereketi boýunça shemalary, a) göni akym, б) ters akym, в) kesiş­ýän akym, г) garyşyk akym.

Göni akym - iki ýylylyk göterijileriň bir tarapa parallel hereketi.

Ters akym - iki ýylylyk göterijileriň parallel, ýöne biri-birine ters hereketi.

Kesişýän akym - iki ýylylyk göterijileriň özara perpendikulýar hereketi.

Garyşyk akym – bir ýa-da birnäçe ýylylyk göterijiler enjamynda birnäçe geçiş hereketini etmek bilen, şol bir wagtyň özünde bir böleginiň göni akym shemasyna görä, beýlekisiniň bolsa ters ýa-da kesiş akym shemasyna görä hereketidir.

Rekuperatorlar öz gezeginde ýylylyk çalşygynyň üstki konfigurasiýasy bilen tapawutlanýar:

• gabyk-turba ýylylyk çalşyjylar;

• elementli (bölekleýin) ýylylyk çalşyjylar;

• bükülen ýylylyk çalşyjylar;

• suwaryş ýylylyk çalşyjylar;

• gapyrga görnüşli ýylylyk çalşyjylar;

• spiral ýylylyk çalşyjylar;

• plastinka görnüşli ýylylyk çalşyjylar we ş.m.

Nebit we gaz çykaryjy hem-de gaýtadan işleýän kärhanalarda ýylylyk çalşyjylaryň esasy görnüşleri bolan, gabyk turba we plastinka görnüşli ýylylyk çalşyjy enjamlary has giňden ulanylýar. Ýylylyk çalşyjynyň birinji görnüşiniň soňky görnüşinden has köp ýaýrandygyny bellemeli. Şeýle-de bolsa, plastinka görnüşli ýylylyk çalşyjylaryny ulanmagyň gerimi giňelýär. Şeýlelikde, nebit pudagynda haýsy ýylylyk çalşyjy has maksadalaýyk gelýär, diýen sorag ýüze çykýar. Bu hakykaty öwrenmek kärhanalar üçin aktual meseledir, has amatly enjamlary ulanmak netijeleri ýokarlandyrmaga, tehnologiki hyzmaty we abatlaýyş çykdaýjylary azaltmaga kömek edýär. Nebiti gaýtadan işlemek, taýýarlamak bilen baglanyşykly käbir proseslere seredeliň we olara baglanyp bu meseläni çözeris. Gabyk turba enjamlarynyň agdyklyk etmegi nämä bagly bolup biler? Ilki bilen, munuň sebäbi plastinka görnüşli ýylylyk çalşyjylarynyň nebit önümçiliginde bäsdeşlerinden has giç ýüze çykmagy bilen baglanyşykly. Köp wagtdan bäri bu enjam diňe azyk senagatynda ulanyldy. Bu ýylylyk çalşyjylary döwrebaplaşdyrmak we kämilleşdirmek prosesini haýallatdy.

Geçen asyryň altmyşynjy ýyllarynda birnäçe gowulaşmalary başdan geçiren plastinka görnüşli enjamlar bäsleşige ukyply boldy we köp önümçilik pudaklarynda ulanylyp başlandy. Netijede, köp sanly ýylylyk çalşyjylar nebit pudagynda, täze enjamlara doly geçmäge mümkinçilik döretdi. Ikinjiden, enjamlaryň belli bir görnüşini ulanmakda prosesiň aýratynlyklaryna görä, ýylylyk çalşyjy we enjamyň häsiýetnamasy talap edilýär. Bu barada deňeşdirilýän köpsanly halkara ylmy-gözleg žurnallary bar. Ölçegleri nukdaýnazardan, plastinka görnüşli ýylylyk çalşyjy has ykjam, bu bolsa gowy aýratynlyk, sebäbi islendik kärhananyň öz ygtyýarynda çäkli giňişligi bar. Şeýle-de bolsa, möhüm parametrleriň biri arassalamak işiniň aňsat bolmagydyr. Nebit pudagynda ýylylyk çalşyjylar dürli ýylylyk göterijiler bilen işleýärler. Nebitde dürli amallarda enjamy hapalap bilýän köp sanly garyndylar bar. Ýylylyk çalşyjylary dürli usullar bilen arassalanylýar. Mysal üçin, mehaniki usul. Bu ýagdaýda enjamy sökmeli we el bilen arassalamaly. Plastinkaly ýylylyk çalşyjy täzeden gurnalandan soň, plastinkalaryň arasynda boş baglanyşyk ähtimallygy ýokarydyr, şonuň üçin enjamlary täzeden gurnamaly bolýar. Gidrodinamiki arassalaýyşda turbalardan daşary hemme enjamlar sökülýär. Himiki ýuwmak usuly has köp ýaýrandyr. Enjamy sökmezden ýuwup bolýar. Şeýlelik bilen, gabyk turba ýylylyk çalşyjylary plastinka ýylylyk çalşyjylaryndan has aňsat arassalanýar. Bu ýylylyk enjamlarynyň göz öňünde tutulýan önümçilik pudagyndaky artykmaçlyklaryndan biridir.

Dürli himiki arassalaýyş usullary bar bolsada, hünär taýdan işlenmese, gurnama poslama sezewar bolup biler. Mysal üçin, demir sulfidiniň kislotasy we beýleki çökündiler ýuwlanda, poslama ingibitory goşulanda-da olar gurluşlaryň goraýan çäklerine zeper ýetirip, palçygyň ýygnanmagyna getirýär, bu ýylylyk çalşyjy prosesini durnuksyzlandyrýar. Şonuň üçin ýylylyk çalşyjylary ýuwmak üçin dürli düzümli erginleri ulanmak we önümçilige geregini tapmak gaty möhüm bolup durýar. Bu möhüm meseläni çözmek üçin häzirki makalanyň awtory tarapyndan ýylylyk çalşyjylaryň ulanyş çygrynda ýylylyk çalşyjyda ýygnanan palçyk çökündileriniň himiki düzümini kesgitlemek üçin hem metalyna täsir etmeýän ýuwujy erginli usullar geçiriljek ylmy-barlag işleriniň netijesinde öwreniler.

 

Batyr JUMAÝEW, 

«Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary.