Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Beýik Ýüpek ýolunyň XXI asyrdaky nusgasy
23.07.2024

Eziz Diýarymyzyň uglewodorod serişdeleriniň anyklanan gorlarynyň möçberleri boýunça dünýäde iň öňdäki hatarlarda durýanlygy örän guwandyryjydyr. Türkmenistanyň tebigy serişdelerini toplumlaýyn özleşdirmek, ösen tehnologiýalary ulanmak bilen, olary senagat taýdan gaýtadan işlemek we taýýar önümleri dünýä bazarlaryna çykarmak wajyp wezipeleriň biridir. Gazanylýan ýokary netijeleri has berkitmek maksady bilen pudagy mundan beýläk hem ýokary depginde ösdürmek ugrunda tutumly çäreler durmuşa geçirilýär. Mälim bolşy ýaly, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ykdysady syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri-de nebit-gaz senagatyny çalt depgin bilen ösdürmekdir. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçirýän täze energetika syýasatynda ýakyn ýyllarda ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary, ýurdumyzyň dünýäniň energetika ulgamyna has ýakynlaşmagynyň anyk ädimleri kesgitlenildi. Şu jähtden ýangyç-energetika toplumynyň turbageçiriji we önümçilik infrastrukturasyny ösdürmäge, uglewodorod çig malynyň geljegi uly gorlaryny özleşdirmäge aýratyn üns berilýär. Uglewodorod çig malynyň ägirt uly gorlarynyň bardygy, garaşsyz auditiň maglumatlary bilen tassyklanyldy. Tebigy gazy dünýä bazarlaryna ibermegiň ýollaryny ösdürmek hem gaýragoýulmasyz wezipe bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen kabul edilen BMG-niň «Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty» hakyndaky Rezolýusiýasynyň aýratyn ähmiýete eýedigini nygtamak möhümdir. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň häzirki zaman şertlerinde örän derwaýys bolan bu başlangyjy dünýä bileleşiginiň gyzgyn goldawyna mynasyp boldy. Şeýlelikde, bu Rezolýusiýanyň kabul edilmegi ýurdumyzda alnyp barylýan içeri we daşary syýasatyň dünýä ýüzünde ykrar edilmeginiň ýene-de bir aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmagyň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak syýasatyna ygrarlydygyny tassyklamak bilen, transmilli turbageçirijiler infrastrukturasynyň howpsuzlygyny üpjün etmekligiň örän möhümdigini bellemelidir. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 63-nji mejlisinde «Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde hyzmaty» atly Rezolýusiýanyň hem kabul edilmeginiň iňňän uly ähmiýeti bardyr. 

Kämil tehnologiýalaryň kömegi arkaly tebigy gazyň taýýar görnüşine getiriliş prosesi örän täsin. Ilki bilen gaz guýudan gaýdýar-da, ozaly bilen ilkinji arassalaýjy desga gelýär. Arassalaýjy desga gazyň düzümindäki suwy hem-de kondensaty, ýagny uglewodorodly suwy we tehniki suwy aýyrýar. Aýrylan suw bir akaba bilen başga desga gaýdýar we bu ýerde iki görnüşli kükürtli gaz çykarylýar. Eger, onuň kükürtli görnüşi barada gürrüň edilse, ol ilki ýörite goşulýan monoatom jisimi siňdirilip arassalanýar we gaz guradylýan bölüme barýar. Şol ýerde ýokary gyzgynlykda guradylyp, minus derejä düşürilip, onuň düzümindäki çyglylyk aýrylýar hem-de esasy gaz geçirijisine gönükdirilýär. Gazyň düzümindäki kükürdi alyp galan monoatom jisimi täzeden işlenilip, regenerasiya edilip, kükürdi aýrylýar. Ýokary derejedäki peç arkaly ol arassalanylyp, öňki kaddyna getirilýär. Amyderýanyň we Hazar deňziniň esasy bölegi ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän nebit-gazly basseýnlerdäki, şonuň ýaly-da belli bir bölegi Türkmenistana degişli bolan beýleki basseýnlerdäki uglewodorod çig malynyň gorlarynyň ýagdaýyna baha berildi. Mundan başga-da, Köpetdagyň çäkleri ýaly, heniz baha berilmedik ýerler hem bar. Türkmenistanyň dürli derejelerde özleşdirilen käbir ýataklarynyň gaz gorlarynyň möçberi dünýäniň garaşsyz audit kompaniýalary we ýurdumyzda işleýän daşary ýurt kompaniýalary tarapyndan tassyklanyldy. Bu barlaglar Günbatar Diýarbekir, Merkezi Diýarbekir, Gündogar Diýarbekir, Magtymguly, Öwez, Günbatar Garagöldeňiz ýataklarynda geçirildi. 

Günorta Ýolöten-Osman we Ýaşlar ýataklarynda tebigy gazyň örän uly gorlarynyň bardygynyň anyklanmagy we ýurdumyzda işleýän daşary ýurt kompaniýalarynyň audit barlaglarynyň hem hut şeýle netije çykarmagy ýurdumyzyň baý tebigy gorlary barada aýdylanlary ýene-de bir gezek aýdyň tassyklady. Diňe bir Hazar deňziniň türkmen böleginde «mawy ýangyjyň» ägirt uly gorlary ýatandyr. Täze ýataklaryň, gorlarynyň açylmagy ýurdumyzyň nebit-gaz senagatynyň meýilnamasyny doly durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýär. 

Hormatly Arkadagymyzyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan goldawa eýe bolan BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinden aýdan konstruktiw başlangyçlaryna esaslanan täze nebit-gaz strategiýasy türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna durnukly we uzak möhletleýin esasda çykarmak üçin turbageçirjileriň köpugurly ulgamlaryny döretmek, şu meselede täze halkara şertnamalaryny baglaşmak, ýangyç çig mal serişdelerini iberijiler hem sarp edijiler üçin bähbitli peýdalanmak ýaly deňhukukly esaslar bilen şertlenendir. Ýurtda syýasy durnuklylygyň üpjün edilmegi, milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösüşi, ýangyç gorlarynyň kuwwatly binýady, daşary ykdysady işler boýunça kabul edilen kanunçylyk esaslar ýaly amatly şertleriň bolmagy, daşary ýurtly maýa goýujylaryň Türkmenistan bilen gyzyklanmasyny artdyrýar. Munuň özi dünýäniň meşhur kompaniýalarynyň, maliýe guramalarynyň Türkmenistan bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygynyň barha gerimini giňeldýär.

Jahan HYDYROWA, 

Mähri MAGTYMOWA, 

Şirin ÇARYÝEWA,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary.