Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Balkan sebitinde nebitgaz senagatynyň ösüşinde uly üstünlikler gazanyldy
17.07.2024

2011-nji ýylyň iýul aýynda Hazaryň kenarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň hem de Malaýziýanyň Premýer ministriniň gatnaşmaklarynda Hazar deňziniň türkmen böleginden ilkinji tebigy gazyň alnyp başlanmagyna we Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherinde ýerleşýän gazy gaýtadan işleýän zawodyň işe girizilmegine bagyşlanan dabaralar bolupdy.

Türkmenistanda tebigy gazyň gorlarynyň uly möçberiniň barlygy kesgitlenen. XX asyryň ikinji ýarymynda Ojak, Naýyp, Kükürtli, Şatlyk gaz ýataklarynyň açylmagy täze gazly ýerleriň işe girizilmegine, Günbatar Türkmenistandaky nebitli ýerlerden çykýan ugurdaş gazy doly peýdalanmaga mümkinçilik berdi. 1966-njy ýylyň oktýabrynda Ojak käni tejribe senagat ulanyşynyň düzümine girizildi, şol ýylyň noýabrynda tebigy gazyň ilkinji kub metrleri Buhara Ural gaz geçirijisine iberilip başlandy. Şeýlelikde, ýurdumyzda gaz senagatynyň düýbi tutulyp taryha girdi we sene hökmünde kabul edildi.

Tutuş Türkmenistan boýunça ulanylýan nebitli, nebitgazly hem de gazly gazkondensatly ýataklaryň sany 170 e golaýdyr, onuň 30 dan gowragy «Türkmennebit» döwlet konsernine degişlidir.

«Türkmennebit» döwlet konsernine degişli gazly Çekişler, Ördekli, Körpeje, Uzynada ýataklaryny hem de nebitgazly ýataklar bolan Goturdepe, Barsagelmez, Ýaşyldepe, Altyguýy, Keýmir, Ekerem, Guýjuk, Gögerendag, Akpatlawuk, Gamyşlyja, Mydar, Ýylakly, Kemer, Nebitlije, Nebitdag we beýleki ojaklardan «gara altynyň» we «mawy ýangyjyň» çykarylýandygyny hem agzap geçsek ýerlikli bolar.

Häzirki döwürde tutuş ýurdumyzyň ähli künjekleri, şol sanda oba ýerleri gazdan peýdalanýar. Ýurdumyzy doly gazlaşdyrmak Garaşsyzlyk alanymyzdan soň mümkin boldy. Senagat kärhanalary, halk hojalygy, ýaşaýyş jaýlary tebigy we nebitden alynýan ugurdaş gazlardan, suwuklandyrylan gazlardan peýdalanýarlar. Günbatar Türkmenistanyň nebitgazly meýdançalaryndan çykarylan tebigy gazyň belli bir bölegi daşary ýurtlara eksport edilýär. Tebigy we ugurdaş gazyň galan bölegi elektrik beketleri, desgalary, nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy, gaz lift usulynda işleýän guýulardan nebit çykarmak, Balkan welaýatynyň obalary, şäherleri we beýleki zerurlyklar üçin sarp edilýär.

Häzirki wagtda daşary ýurtly bilermen ler ýurdumyzyň umumy geologik gorlaryny 71,21 milliard tonna şertli ýangyç möçberinde bahalandyrýarlar. Şolaryň 53,01 milliard tonnasy gury ýerdäki ýataklardyr, 18,2 milliard tonnasy bolsa deňizdäki känleriň ýangyç serişdeleridir.

Hazar deňziniň türkmen böleginde onlarça gazly, gazkondensatly we nebitgazly ýataklar bar. Bu känleriň geljegi uludyr. Deňizdäki gazkondensatly, nebitgazly ýataklaryň ikisi «Dragon Oil», üç sanysy «Petronas», ýagny ýurdumyzdaky hereket edýän daşary ýurt kompaniýalary tarapyndan özleşdirilip gelinýär.

Türkmenistan boýunça 2019-njy we 2020-nji ýyllarda her ýylda tebigy gazyň 70 milliard m3-den gowragy, 2021-nji ýylda 83,7 milliard m3 tebigy gaz çykaryldy. 2022-2023-nji ýyllarda hem de häzirki dowam edýän ýylymyzda gazyň çykarylyşynyň geçen ýyllaryň derejesinde saklanandygyny aýtmalydyrys. Çykarylan gazyň ortaça 40 — 44 göterimden gowragy daşary ýurtlara eksport edildi, galan bölegi ýurdumyzyň içki zerurlyklary we suwuklandyrylan gaz taýýarlamak üçin sarp edilýär.

Saparmyrat ARTYKOW,

«Türkmennebit» DK-nyň

«Nebitgazylmytaslama» institutynyň

uly ylmy işgäri.