Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Nebit-gaz pudagynda guýulardan önümi almakda innowasiýa tehnologiýalary işjeň ulanylýar
11.07.2024

Guýular burawlananda önümli gatlaklaryň çuň ýerleşmegi, geologik gurluşynyň çylşyrymly bolmagy sebäpli ýüze çykýan meseleleri ylmy taýdan çözmek we önümçilige ornaşdyrmak häzirki wagtda örän wajypdyr.

Häzirki döwürde ulanylýan tehniki enjamlaryň we maşyn agregatlarynyň kömegi bilen nebit çykarmaklyk köp sanly kynçylyklary çözmekligi ýa-da täze görnüşli tehniki serişdeleri we tehnologiýalary döretmekligi talap edýär. Onuň şeýledigini ştangaly sorujylaryň ulanmak çuňlugynyň 2500 metr, elektrik hereketlendirijili köp bölümli ýa-da wintli sorujylaryň 3500 metr we gazlift usulynyň 4000 metr çuňluk bilen çäklendirilýänligi şaýatlyk edýär. 

Türkmenistanda häzirki döwürde özleşdirilýän we geljekde ulanylmagy meýilleşdirilýän nebit känleriniň geologiki we fiziki häsiýetlerine hem-de tehnikanyň soňky gazanan üstünliklerine seljerme geçirilenden soňra aý­ratyn tehnologiýa bilen işleýän täze görnüşli tehniki çözgüt we onuň işlediliş tehnologiýasy işlenilip düzüldi.

Hödürlenýän tehnologik teklip ýerasty nebit-gaz önümlerini almakda gazlift usuly bilen ulanylýan guýynyň önüm berijiligi peselen we ulanylyşdan galan ýagdaýlary üçin niýetlenilýär.

Işlenip düzülen tehniki enjam we onuň işlediliş tehnologiýasy daş-töweregiň ekologiki we toksikologiki faktorlaryna täsir etmeýär. Ony ulanmaklyk ýönekeý we ýokary derejeli hünärmenleriň bolmagyny talap etmeýär we toplumlaýyn işledilmäge ukyply. Döredilen täze tehnikanyň işlemek ukyby guýynyň çuňlugyna, kese gazylanlygyna we ýerleşiş şertine bagly däldir.

Elektrik hereketlendirijisi bolan merkeze ymtylýan çuňluk sorujy hem nebit senagatynda giňden ulanylýar. Bu sorujy içi ýagdan doldurylan elektrik hereketlendirijiden, gidrogoraýjydan, köp bölümli merkeze ymtylyjy sorujydan, daşy bronirlenilen üç simli kabelden, bu kabeli saramak üçin deprekden, awtotransformatordan, awtomatlaşdyrylan gözegçilik bekedinden we kompensatordan ybaratdyr.

Agzalan sorujynyň işçi kadalary köp sanly parametrlere, ýagny elektrik togunyň öçürilip – işledilmegine, elektrik hereketlendirijisine berilýän toguň üç fazada hem deň bolmagyny üpjün etmeklige, kabeliň goraýjylyk ukybyna, guýy önümindäki gazyň we onuň temperatura täsiriniň uludygyna, ulanylýan enjamlaryň çylşyrymlydygyna, enjamyň guýuda emele gelýän çäge dykysy tarapyndan gapjalmagyndan goragsyzdygyna, göteriji sorujy-kompressor turba sütüniniň içinde asfalt-smola-parafin çökündisiniň ýüze çykýandygyna hem-de guýy enjamlarynyň poslama sezewar bolýandygyna baglydyr.

Hödürlenilýän çözgüdiň tehniki netijeleri sorujy agregatynyň goýberilýän çuňlugyny, işleýiş ygtybarlygyny ýokarlandyrmak, konstruksiýasyny ýönekeýleşdirmek, asfaltsmola-parafiniň göteriji sorujy-kompressor turba sütüniniň içki ýüzünde çökmeginiň öňüni almak, guýudan çykarylýan önümiň düzümindäki mehaniki jisimleriň oturdylan pakeriň üstüne toplanmazlygyny üpjün etmek we guýy enjamlaryny poslamadan goramak bolup durýar.

Elektrik energiýasy bilen işleýän sorujynyň we teklip edilýän tehniki çözgütleriň biri-birine meň­zeş ýerleri olaryň ikisinde hem önümi hereketlendiriji we çykaryjy ulgamyň, ulanylyş sütüniniň içine goýberilen ýokary göteriji turba sütüniniň we herekete getirilýän sorujynyň bolmagydyr.

Guýularda ulanylýan çuňluk sorujy ulgamy işçi agenti itekleýji we çykaryjy ulgamlardan, göteriji turba sütünlerinden, işçi sütüni bolan guýudan ybarat. Göteriji turba sütüni işlän iş­çi agenti garyjysy bolan gidromotor görnüşli hereketlendirijili sorujy bilen gidrawliki baglanyşykly. Gidromotor bilen baglanyşykly so­rujynyň turba ujunda deşikler edilendir. Turba ujy guýynyň nebitli gatlagynyň süzgüçli zolagynyň we turba ara giňişligiň arasyny petikleýji pakerden aşakda ýerleşýär. Çykaryjy patrubka gidrawliki usulda deşikler bilen özara baglany­şykly. Işçi agenti itekleýji ulgam işçi agenti gyzdyryjy enjam bilen üpjün edilendir. 

Döredilen tehniki çözgüdiň işleýşi aşakda giňişleýin beýan edilýär. Sorujy-kompressor turba sütüniniň ujuna deşikleri bolan turba ujy berkidilýär. Onuň ýokarsyna paker oturdylýar. Turba ujuny garyjysy bolan gidromotor arkaly hereketlendirilýän sorujynyň çekiji patrubkasyna birleşdirýärler. Öz gezeginde gidromotor sorujy-kompressor turba sütüniniň ujuna towlanyp berkidilýär we bu toplumy guýynyň düýbü­ne baryp direlýänçä goýberýärler. Şunlukda sorujy-kompressor turba sütüniniň agramy netijesinde paker işleýär we guýynyň içi iki bölege – ýokarky we aşaky böleklere bölünýär. Şeýle ýagdaýda umumy gurnama toplumy guýuda berkidilýär. Akdyryjy ulgam boýunça gyzdyrylan işçi agent sorujy-kompressor sütüni arkaly goýberilende gidromotoryň waly aýlanyp, oňa birleşdirilen sorujyny hereketlendirip başlaýar. Sorujynyň soruş güýjüniň täsiri bilen gatlakdan gelýän önüm turba ujundaky deşikler arkaly soruja barýar we onuň çykaryş pattrubkasyndaky deşiklerden çykyp gidromotoryň turba arasyna goýberýän işçi agenti bilen garyşýar. Bu ýerde garyjynyň kömegi bilen garyndy aýlawly herekete getirilýär we onuň içindäki mehaniki jisimleriň aşak çökmeginiň öňi alynýar. Gidromotoryň başlangyç ýagdaýda ýeňillikli işledilmegini üpjün etmek maksady bilen turba ara gi­ňişligi suw ýa-da nebit bilen doldurylýar. Şunlukda iki sany turba geçiriji emele gel­ýär (ýagny, sorujy-kompressor turba sütüni we turba ara giňişlik). Olaryň birinden işçi agent gidromotora berilýän bolsa, beýlekisinden guýy önümi çykarylýar. Iki sany turbageçirijilerdäki önümleriň dykyzlygynyň tapawudy gidromotora goşmaça täsir edýär. Eger-de garyndynyň dykyzlygy işçi agentiniň dykyzlygyndan kiçi bolsa, onda gidromotora az ýüklenme düşýär, eger-de uly bolsa, onda köp güýç talap edýär. Şol sebäpli hem gidromotoryň işçi agentiniň duzly suw bolmagy amatlydyr. 

Geljekde has çuň gatlaklardan nebit öndürmeklik meýilleşdirilýär. Şeýle ýataklardan nebit almakda ýokarda agzalan sorujy hereketlendirijilerini ulanmak mümkin bolmaýar. Bu meseläni işlemek ukyby çuňluga, temperatura, guýynyň egriligine we gaza bagly bolmadyk gidromotory ulanmak arkaly çözüp bolýar. Işçi agent hökmünde gyzdyrylan nebit ýa-da suw peýdalanylanda guýy enjamlarynda asfalt-smolaparafin çökmesini we poslamanyň döremesini aradan aýyrýar, şol sebäpli hem nebit senagatynda gidromotory ulanmaklygyň geljegi uludyr. 

Nebit ojagynyň möçberine we ýerleşmegine baglylykda gaz turbinasy bilen herekete getirilýän sorujynyň gurnalmaly ýeri anyklanylýar we guýularyň konstruksiýasyna degişli özgertmeler girizilýär. Bu tehnologiýa işe girizilende nebit çykaryjy guýularda oturdylan sorujylaryň ählisi gidromotor arkaly herekete getirilýär we gatlagyň gyzdyrylmagy netijesinde ondan goşmaça nebit alynýar. Şeýle tehnologiýany ulanýan daşary ýurt nebit kompaniýalarynda nebitiň çykarylyş depgininiň 20-40% ýokarlanandygy barada tehniki edebiýatlarda görkezilýär. Hödürlenilýän teklip boýunça ýurdumyzyň şertine laýyk gel­ýän tehnologiýa işlenip düzüldi we şertleýin çyzgylar arkaly görkezildi. 

Netijede, içki diametri 62,5 mm sorujykompressor turbasy arkaly gurnalan 35 kWt kuwwatly gidromotor işledilende turba sütü­niniň içindäki akym tizligi 0,3 m/s we turba ara giňişliginde hem 0,2 m/s töweregi bolýar. Şeýle ululykdaky akym uly garşylyk döretmeýär, ýagny 1000 m uzynlykdaky döreýän garşylyk 0,3 MPa basyşdan geçmeýär. Sorujykompressor turbasynda gurnalan bu tehnologiýa nebit almakda amatlydygy bilen tapawutlanýar, önüm berijiligi ýokarlandyrýar we energiýanyň tygşytlylygyna getirýär.

 

Çeşme: «Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri» žurnaly