Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Bagtyýar zenanlar dana şahyry wasp edýär
26.06.2024

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkezinde «Arkadag hem Arkadagly Serdar bilen bagtyýar siz, Py­ra­gy­nyň wasp eý­lä­ni, ze­nan­la­r­myz — bag­ta ýar siz!» atly şygar bilen geçirilen bäsleşigiň jemi jemlenildi. «Türkmengaz» döwlet konserniniň ilkinji zenanlar guramasynyň «Nebit-gaz» gazeti bilen bilelikde Gündogaryň beýik, akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi mynasybetli guran dabaraly baýramçylyk çäresine toplumyň önümçilikleriniň öňdebaryjy işgärleri, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky HNGU-nyň talyplary we beýleki daşdan-ýakyndan gelen myhmanlar gatnaşdy.

Toýlary toýa ulaşyp gidýän ýurdumyzda döredijilik bäsleşiginiň Gurban baýramynyň yzy­sü­re, Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi­niň öňü­sy­ra — 21-nji iýunda geçirilmeginiň özüne ýetesi manysy bar. Ähli obalarymyzda we şäherlerimizde, şol sanda daşary ýurtlarda hem türkmeniň söz ussady Pyraga bagyşlanan dabaralar, maslahatlar, duşuşyklar, medeniýet, sungat, edebiýat çäreleri giň gerimde guralýar. Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň pudaklarynda bu babatda işjeňlik görkezildi. Ynha, şu bäsleşik şol dabaralaryň dowamydyr.

Dabara Medeni-işewürlik merkeziniň sungat ussatlarynyň, «Galkynyş» çagalar tans toparynyň çykyşy bilen başlandy. Türkmenistanyň at gazanan artisti Batyr Çaryýewiň Pyragynyň şekilini janlandyryp, akyldaryň goşgularyndan çeper okamagy hem tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylandy.

Soňra «Nebit-gaz» gazetiniň baş redaktory Ussa Ussaýew, «Türkmengaz» döwlet konserniniň baş hünärmeni, ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy Mähri Mämmedowa, Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň geofizika bölüminiň başlygy Hatyja Çopanowa çykyş edip, Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň türkmen halkynyň durmuşynda tutýan möhüm orny, onuň eserleriniň dünýä medeniýetiniň hazynasy hökmünde ykrar edilenligi, daşary ýurtlarda şahyryň sarpasynyň belent tutulyşy, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy netijesinde «Pähimpaýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda filosof şahyr Magtymgulynyň mertebesiniň has belende göterilişi, onuň adyny ebedileşdirmek bilen bagly alnyp barylýan işler, «Nebit-gaz» gazetinde şahyryň döredijiligi barada materiallaryň, habarlaryň, goşgularyň yzygider çap edilişi barada durup geçdiler.

Bäsleşigiň iň dabaraly pursadynda alypbaryjy emin agzalarynyň gelen netijesine görä, ýeňijileri yglan edýär. Şunda bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda, ýeňijileriň altysyna baýrakly orunlaryň berlendigini bellemelidir. Şeýlelikde, 1-nji ýere «Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň buhgalteri, Türkmenbaşy şäher Halk maslahatynyň agzasy Şemşat Nefesowa, ikinji orunlara «Nebit-gaz» gazetiniň habarçysy Akgül Saparowa, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Geologiki maglumatlar merkeziniň in­že­ne­ri Ogul­su­raý Ga­ra­ýe­wa, 3-nji orunlara «Türkmengaz» döwlet konserniniň ýörite işler boýunça esasy hünärmeni Gülşat Myratmuhammedowa, «Marygazçykaryş» müdirliginiň esasy ykdysatçysy Maýsa Hallyýewa, «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň «Aşgabatgaz» müdirliginiň hünärmeni Baýramgül Setdarowa dagy mynasyp boldy. Ýeňijilere guramaçylar tarapyndan Hormat hatlary, gymmat bahaly sowgatlar we ter gül desseleri gowşuryldy.

Dabaranyň barşynda ýeňijilerden Ş.Nefesowa, O.Garaýewa milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudagy nebitgaz toplumynyň batly depginlerde ösdürilişi, ýurt abadançylygyna, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlandyrylyşyna gönükdirilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilişi barada ýürek buýsanjyny beýan etdiler. Olaryň çykyşynda işlemäge, döredijilik bilen meşgullanmaga, ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmaga ähli mümkinçilikleri döredýän türkmen halkynyň Milli Liderine we hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirildi.

Ýeňijileri sylaglamaklyk tamamlanandan soň, Medeni-işewürlik merkeziniň aýdymçylarynyň, bagşy-sazandalarynyň ýerine ýetirmeginde döwrebap we halk aýdymlary belentden ýaňlandy.