Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Çagalaryň şatlygynyň çägi ýok
11.06.2024

Güneşli ülkämize tomus pasly geldi. Çagalaryň bu pasla sabyrsyzlyk bilen garaşmaklary ýöne ýerden däl: tomusda olara ýatdan çykmajak gyzykly, şadyýan günler garaşýar. Bu pasylda ýurdumyzyň künjeklerinde çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň işlemegi ösüp gelýän ýaş nesil hakda döwlet tarapyndan edilýän aladanyň aýdyň mysalydyr.

"Türkmennebit" döwlet konserniniň "Nebitgazburawlaýyş" trestiniň Balkanabat tilsimat ulaglar müdirliginiň Hazar şäherinde ýerleşýän "Gara altyn" çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezl körpeleriň ilkinji tapgyryny kabul etdi. Ol ýerde irgözinden guramaçylyk işleri amala aşyrylyp, çagalaryň wagtlarynyň hoş geçmegi üçin zerur bolan ähli şertler döredildi. "Gara altynda" dynç aljak nebitçileriň çagalary üçin sport, medeni-köpçülik çäreleri geçiriler, gyzykly gezelençler guralar.

Ata-eneler çagalar üçin döredilýän şeýle ajaýyp mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza uly minnetdarlyk bildlrýäris.

Amanmyrat KIÇIGULOW,

"Türkmennebit" döwlet konserniniň "Nebitgazburawlaýyş" trestiniň “Burnebitgazhyzmat" müdirliginiň hünärmeni.