Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Nebitçileriň çagalary üçin ajaýyp mekan
04.06.2024

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň saýasynda ýetilýän sepgitler gazanylýan üstünlikler Bizi täze zähmet üstünliklerine atarýar.  Şöhratlara beslenýän Watanymyzyň täze taryhy ýazylýan döwründe döwletimiz tarapyndan edilýän bimöçber aladalar, hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň her bir raýatynyň bagtyýar ýaşaýşyny we gözel durmuşyny üpjün etmek üçin edýän çäksiz yhlaslary zenanlaryň ýüreklerine uly buýsanç duýgularyny çaýýar. Çünki perzentleriniň asuda, abadan ýaşaýşy her bir ene üçin uly bagtdyr. 

Gahryman Arkadagymyzyň peder ýolyny dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda ýylyň ýylyna 1-nji iýunda Halkara çagalar güni ýurdymyz boýunça giňden bellenip geçilmegi biz ― nebitçileriň başymyzy goge direýär, şeýle baýramçylyklar mynasybetli Balkan welaýatynyň Hazar şäherinde ýerleşýän  “Türkmennebit” DK-ne degişle bolan “Gara Altyn” çagalar sagaldyş merkezi öz gapysyny giňden açyp nebitçileriň çagalaryny kabul etýärler, ol ýerde çagalaryň döwrebap dynç almaklary üçin ähli şertler we mümkinçilikler döredilýär.

Ýurdymyzda geljegimiz bolan çagalara bilim almaga, dynç almaga döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp-köp sag bolsunlarymyzy aýdýarys.

Türkmen halkynyň milli lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolmagyny arzuw edýäris.

Ogulbibi Şyhyýewa,
“Türkmennebit” döwlet konserniň “Nebitgazburawlaýyş” trestiniň Nebit we gaz guýularyny berkitmek boýunça müdirliginiň uly proraby, konserniň Zenanlar guramasynyň başlygy.