Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Bäsdeşlige ukyply we islegli önümler
21.05.2024

Döwletimiziň ýangyç-energetika pudagynyň kerwenbaşysy bolan «Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda alnyp barylýan ägirt uly işler bu ulgamyň täze belentliklere göterilýändiginden habar berýär.

Bu toplum mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň ýyllary içinde düýpli täzelenişi başdan geçirip, tutuş dünýäde giňden tanalýan kärhanalaryň hataryna goşuldy. Döwlet maýa goýumlarynyň yzygiderli gönükdirilmegi bilen bu ýerde çig nebitden harytlyk önümleri taýýarlaýan zawodlar, şeýle hem üpjünçilik gurluşlarynyň häzirki zaman desgalary önümçilige ornaşdyryldy. Juda gysga wagtda ozalky ýönekeý zawodyň ornunda nebiti gaýtadan işlemegiň önümçiliginiň iň häzirki zaman toplumy döredi.

Soňky on bäş ýyldan sähel gowrak wagtyň dowamynda gurlan ol zawodlardyr desgalar bu gün tutuş dünýäde ählumumy ykrarnama eýedir. Zawodlar toplumy etillenmedik awtomobil ýangyçlaryny, awiasiýa we tehniki kerosinlerini, reaktiw we dizel ýangyjyny, mazuty, çalgy ýaglaryny, polipropileni, peç ýangyjyny, ýeňil gazoýly, nebit elektrod koksuny, suwuklandyrylan gazy, gurluşyk we ýol bitumlaryny we ýene-de birnäçe nebit önümlerini taýýarlamak bilen, döwletimiziň eksport kuwwatynyň esasyny düzýär. Täze, döwrebap desgalaryň gurluşyklary bolsa ygtybarly dowam etdirilýär. Tutuş dünýäde kabul edilen hil ülňülerine aňrybaş derejede laýyk gurlan täze, kuwwatly desgalar toplumda «gara altyny» gaýtadan işlemegi çuňlaşdyrmaga, goşmaça nebit önümleriniň taýýarlanylyşynyň möçberlerini düýpli artdyrmaga mümkinçilik berýär.

Ýurt Garaşsyzlygymyzyň ýyllary içinde täze gurlup işe girizilen önümçilik desgalarynyň, medenidurmuş maksatly ymaratlaryň sany ellä golaýlaýar. Olaryň gurluşyklaryna daşary ýurtlaryň dünýä belli kompaniýalary potratçy bolup gatnaşdylar. Bu sanawda türkmen telekeçileriniň amala aşyran taslamalary hem özüne mynasyp orny eýeleýär. Ol desgalarda taýýarlanyp, bäsdeşlige ukyplylygy bilen tapawutlanýan nebit we nebithimiýa önümleri bu gün dünýä bazarlarynda özüne mynasyp orun tapýar.

Berkarar döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň artmagynda, türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagynda möhüm orny eýeleýän bu kärhana hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda täze belentliklere ynamly gadam urýar. Toplum boýunça «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň geçen ýanwar-aprel aýlarynda gelip gowşan 1 million 442 müň tonna golaý nebit çig malynyň 1 million 438,7 müň tonnasy gaýtadan işlenilip, bellenilen meýilnamalar, degişlilikde, 12 müň 286 tonna we 17 müň 643 tonna barabar artygy bilen berjaý edildi. Hasabat döwründe taýýarlanylan awtoulag benzinleriniň dürli görnüşleriniň umumy möçberi bolsa 440 müň tonna golaýlady. Şeýle hem geçen dört aýda toplumda kerosin öndürmegiň meýilnamasyna 106,2 göterim, dizel ýangyjy babatda 100,1 göterim, çalgy ýaglary boýunça 110,1 göterim amal edildi. Bu häzirki zaman zawodlar toplumynda şu ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda daşarky bazarlarda iň bir geçginli önümleriň hatarynda durýan suwuklandyrylan gazy taýýarlamagyň tabşyrygynyň 257 göterim berjaý edilendigini bolsa aýratyn nygtamak gerek. Kärhanada nebit bitumyny taýýarlamagyň meýilnamasy hem iki esse artygy bilen berjaý edildi. «Türkmenistanda öndürildi» diýen buýsançly belgi bilen taýýarlanýan nebithimiýa önümleriniň ähli görnüşleri diňe bir içerki bazarda däl, eýsem, daşarky bazarlarda hem iň bir islegli harytlaryň hatarynda durýar.